Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň portretleri ýene-de çalşylýar


Prezident G.Berdimuhamedowyň häkimligiň binasynyň öňünde ýerleşdirilen suraty
Prezident G.Berdimuhamedowyň häkimligiň binasynyň öňünde ýerleşdirilen suraty
Häzir ýurtda Türkmenistanyň prezidentiniň portretiniň nobatdaky çalşygy geçirilýär. Indi okuw jaýlarynda, döwlet edara-kärhanalarynda prezidentiň geçen ýylyň başynda girizilen portretine derek onuň täze “kanoniki” portreti asylmaly.

Paýtagtyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda we beýleki döwlet edaralarynda gyzyl reňkli halynyň fonunda duran, gök kostýumly, gyzyl galstukly prezidentiň öňki portreti aýrylyp, onuň ýerine prezidentiň açyk reňkli halynyň, Türkmenistanyň baýdagynyň we prezidentiň ştandartynyň fonunda, iki sany Watan diýen ýazgyly mikrofonly portretiniň goýulmalydygy barada buýruk berlipdir.

Bu barada resmi taýdan halk köpçüligine ýetirilen maglumat ýok. Emma bu kampaniýanyň başlanandygyna mekdepdir, edara kärhanalarda dowam edýän degişli aladalardan göz ýetirmek mümkin.

Käbir mekdeplerde bu hili portretleri satyn almak üçin okuwçylardan pul ýygnalýan bolsa, käbirlerinde her aý zerur bolan zatlar üçin okuwçylardan ýygnalyp döredilen okuw klasynyň pul gaznasyndan bu portretleriň satyn alynýandygy aýdylýar.

Döwlet edara-kärhanalaryň käbirlerinde hem, adat boýunça, portret çalşygy köplenç şol edaralaryň işgärleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Portrete pul goşmaly”

“Edaramyzyň her otagynda şol portret bolaýmaly. Otaglarda goýulýan portretiň bahasy 30 manat. Herimiz 5 manat goşup aldyk. Ýöne edaramyzda prezidentiň uly portretem bolmaly. Onuň bahasynyň entäk näçe boljakdygyny bilemok” diýip, döwlet edarasynda işleýän Maýsa gürrüň berýär.

Prezidentiň portretleri diňe bir okuw jaýlarynda ýa-da edara-kärhanalarynda asylman eýsem paýtagtda geçirilýän sergidir, ýarmarkalaryň her bir stendinde, döwlete degişli edaralaryň käbirleriniň öňünde, hatda döwlete degişli bolmadyk dükanlaryň käbirlerinde hem asylýar.

Mysal üçin, paýtagtyň “Altyn asyr” bazaryndaky altyn söwdasyny edýän dükanlaryň ählisinde diýen ýaly prezidentiň portretleri asylgy dur.

Prezidentiň portretleriniň çem gelen ýerde asylmagy hem-de onuň her ýyl çalşylmagy portert söwdasy bilen meşgullanýanlar üçin girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Aşgabatly telekeçi Ýagşymyrat bu barada şeýle diýýär: “Her bir mekdebe azyndan onlarça portretiň gerekdigini göz öňünde tutsaň, bu söwdanyň girdejisiniň az däldigine göz ýetirse bolýar. Bu prezidentiň portretleriniň söwdasyny edýän söwdagärler üçin azyndan ýylda bir gezek gowy girdeýji çeşmesini döredýär” diýip, Ýagşymyrat aýdýar.

“Portreti zyňmak gadagan”

Diňe bir däl, prezidentiň portretleriniň ýylyň dowamynda iki gezek çalşylýan halatlaram bolýar. Meselem, 2012-nji ýylda portretler iki gezek çalyşylypdy. Emma geçen ýyl ýaýradylan “gyzyl reňkli halyly” prezidentiň portreti bir ýyllap saklandy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir mugallymlaryň aýtmaklaryna görä, prezidentiň kanoniki diýlip atlandyrylýan portretleriniň könelenlerini zyňmak hem gadagan. Köne portretler ýygnalyp, ýörite usul boýunça ýok edilýär.

Ýurtda prezidentiň portretleriniň asylmagy adamlaryň prezidente bolan söýgüsini we hormatyny görkezýän alamat hökmünde wagyz edilýär. Prezidentiň halk köpçüliginiň öňünde asylan portretleriniň ählisi biri-birine meňzeş bolup, olar diňe bu ugurdan ýörite rugsady bolan az sanly çaphanalarda çap edilýär.
XS
SM
MD
LG