Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslaşdyrma ýene güýçlenýär


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon
Bir wagtlar Täjigistanda adamlaryň adynyň ýazylyşy watançylyk buýsanjynyň alamatydy. Sanlyja ýyl mundan ozal adamlar bu ýurtda öz atlaryndaky rus diliniň kadalaryna laýyk gelýän goşulmalary, ýagny erkekleriň mysalynda ”-ow”, diýilen goşulmany aýyrmaga çalyşýardylar.

2007-nji ýylda täjik prezidenti özüniň ruslaşdyrylan Emomali Şarifowiç Rahmonow adyny Emomali Rahmon diýip düzedipdi. Munuň netijesinde ýurtda “-ow”, “-ew” we “-owiç” ýaly goşulma bilen tamamlanýan adam atlary ýitirim bolup başlapdy.

Ýöne häzirki wagtda soňy gürrüňi gidýän goşulmalar bilen tamamlanýan adam atlary ýuwaş-ýuwaşdan gaýtadan ulanyşa girizilip başlandy. Täjik resmileriniň biri bu ýagdaý “ýaş nesliň arasynda watançylyk duýgusynyň we milletçilik düşünjesiniň derejesiniň pesliginden” habar berýär diýip, duýduryş berdi.

Duýduryş

Bu duýduryş 21-nji ýanwarda Täjigistanyň baş prokurory Şerhon Salimzodanyň “Jumhuriýat”, ýagny “Respublika” atly döwlet gazetine öz şahsy pikiri hökmünde ýazan makalasynda beýan edildi.

Salimzoda rus diliniň kadalaryna laýyk gelýän goşulmaly familiýalaryň we otçestwolaryň aýratynda ýaşlaryň arasynda gaýtadan meşhurlyga eýe bolup başlandygyny belläp, ol bu tejribäniň mundan iki ýyl ozal başlanandygyny aýdýar.

Salimzoda öz sözlerine delil hökmünde ýurduň iň uly üç uniwersitetinden alnan sanlary görkezýär. Onuň sözlerine görä, 2013-nji ýylda diňe iki sany talyp ozal ruslaşdyrylyp ýazylan familiýasyny milli täjik däplerine laýyklykda ýazdyrmagy sorap degişli häkimiýetlere ýüz tutupdyr. Ýokary okuw jaýlarynyň 513 talyby bolsa öz atlarynyň we familiýalarynyň ruslaşdyrylyp ýazylmagyny sorapdyr.

Ýöne Salimzoda täjik milli buýsanjyny dikeltmäge çagyrýarka, ýaşlaryň köpüsi munuň ýönekeý zat däl-de, eýse durmuşy zerurlykdygyny aýdýarlar.

Ýaşlaryň aýtmagyna görä, olar Russiýada ýakymsyzlyklardan gaça durmak maksady bilen rus görnüşinde ýazylan atlara dolanýarlar. Her ýyl ýedi täjikden biri migrant işçi hökmünde iş g gözläp, Russiýa gidýär. Olar ol ýerde köplenç milli kemsitmelere we hatda gazaply jynsparazçylyga uçraýarlar.

“Ruslaşdyrylan familiýa amatly”

Duşanbedäki Täjik milli uniwersitetinde okaýan talyp we tomusky dynç alyşlary döwründe Orsýetde işleýän Hasan Sadulloýew “Eger-de siz ol ýerde [Russiýada] işleýän we ýaşaýan bolsaňyz, onda at-familiýalaryňyz ruslaşdyrylan bolsa, size aňsat bolýar” diýýär.

Mundan iki ýyl ozal Sadulloýew resmi taýdan “Hasani Abdullo” diýip tanalýardy. Ýöne häzir onuň ady “Sadulloýew Hasan Abdulloýewiç” diýip tutulýar.

“Men täjik görnüşindäki adym we familiýam sebäpli Russiýada dokument işleri bilen baglanyşykly ençeme problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Men doly adymyň Russiýadaky üç atdan däl-de, iki atdan, ýagny meniň adymdan we kakamyň adyndan ybaratdygyny aýtdym. Ahyrsoňunda haýsysynyň familiýadygy we haýsynyň hem otçestwodygy anyk belli bolmady. Adymyň bulaşyklygy netijesinde men Russiýadan deport edildim” diýip, Sadulloýew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sadulloýewiň sözleri ýurduň baş prokurory Salimzodanyň metbugatda milli at-familiýa meselesinde öňe süren pikiriniň yz ýany peýda boldy we ol ýönekeý täjik ilatynyň bu ugurdaky aladalaryny beýan edýär.

Resmiler herekete geçdi

Ýöne şol bir wagtyň özünde-de ýurduň resmileriniň arasynda Salimzodanyň sözleri bu ugurda herekete geçmek üçin çagyryş diýlip kabul edilene çalym edýär. Salimzodanyň makalasy çap edilenden sanlyja gün soň, ýagny 24-nji ýanwarda oba-hojalyk ministri Kosim Kosimow özüniň adyny çalyşmak üçin degişli häkimiýetlere resmi suratda arza berendigini yglan etdi.

Kosimow ýakynda özüniň Kosim Rohbar ady bilen tanaljakdygyny aýtdy. “Rohbar” sözi täjikçe “lider” diýmegi aňladýar. Mundan ozal oba-hojalyk ministri “Rohbar” sözüni özüniň atasynyň ady hökmünde, ýagny soňy rus goşulmasy bilen tamamlanýan “Rahbarowiç” görnüşinde ulanýardy.

Täjikler öz atlarynyň soňundaky rus goşulmasyny 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda aýyrmaga başladylar. Olar bu ädimi milli medeniýeti we milli buýsanjy dikeltmek tagallasy hökmünde durmuşa geçirip ugrapdylar.

Köp adamlar resmi taýdan öz atlaryny, familiýalaryny düzedipdiler we täze doglan çagalara täjik atlaryny dakmak bilen bu tejribäniň täze nesiller tarapyndan berjaý ediljekdigine ynam bildirilipdi.

Täjigistanda adam atlarynyň we familiýalarynyň üýtgedilmegine soňky döwürde ýoň bolan sosial tendensiýanyň görkezijisi hökmünde hem baha berip bolar.

1980-nji we1990-njy ýyllarda täjik-pars taryhyndan we edebiýatyndan alnan adam atlary halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Müňlerçe çagalara pars köşkleriniň we gahrymanlarynyň ýa-da pars edebiýatyndaky gahrymanlaryň atlary dakylypdy.

Soňky on ýylyň dowamynda täjikler yslam dinine degişli adam atlaryny has-da halap başladylar. Bu yslamyň jemgyýete täsiriniň artýandygyny görkezýän alamatlaryň biridir.
XS
SM
MD
LG