Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Prezidentiň ygtyýarlyklaryna garalýar


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (çepde) we ýurduň ozalky premýer-ministri Mikola Azarow
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (çepde) we ýurduň ozalky premýer-ministri Mikola Azarow
Duşenbe güni ukrain parlamentiniň kanunçykaryjylarynyň ýurduň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek barada kanun taslamasyny işläp düzmegine garaşylýar.

Köçe protestçileri tarapyndan goldanylýan Ukrainanyň oppozision liderleri 2004-nji ýyldaky konstitusiýanyň gaýtadan dikeldilmegini isleýärler. Şol döwürde Ukrainada döwlet häkimiýetiniň esasy bölegi, häzirkisi ýaly prezidentiň golastynda däl-de, eýse parlamentiň elindedi, mejlise degişlidi.

Emma parlamentde sesleriň köpçüligine eýe bolan prezident Wiktor Ýanukowiç we onuň mejlisdäki tarapdarlary konstitusiýa agzalýan üýtgetmeleriň gaýtadan girizilmegine garşy çykýarlar.

Oppozisiýa

Ýekşenbe güni Kiýewde Ukrainanyň oppozisiýasynyň lideri Witaliý Kliçko on müňlerçe tarapdarynyň öňünde eden çykyşynda konstitusiýa üýtgetmeler girizilmelidigi we prezidentlik saýlawlarynyň wagtyndan öň geçirilmelidigi barada oppozisiýanyň edýän talaplaryny ýene bir sapar tekrarlady.

Ol bu barada şeýle diýdi: “[Prezident Wiktor Ýanukowiç] täze konstitusiýanyň kabul edilmegi üçin bize ýene ýarym ýyl gerek diýýär. Ýöne biziň halkymyz ýene ýarym ýyl garaşmaz. Biz konstitusiýany şu wagt hem üýtgedip bileris, ýagny ilki bilen 2004-nji ýyldaky konstitusiýany dikelderis. Şeýlelikde täze konstitusiýanyň taslamasynyň işlenip düzülmegi üçin wagt gazanarys. Ýöne diňe bu ýeterlik däl. Halk bir zady, ýagny wagtyndan öň prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegini talap edýär”.

Aşa sagçy milletçi aktiwist Oleg Týahnibok bolsa Russiýanyň Ýanukowiçe täsir etmegine garşy çykyş edýär. Anna güni ukrain prezidenti Ýanukowiç Soçide geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary mahalynda öz rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Ýanukowiç eýýäm öz ýurduna dolandy. Emma iki lideriň näme hakda gürleşendigi barada henize çenli hiç hili maglumat berlenok.

“Terrorizm howpy”

Beýleki tarapdan, ýekşenbe güni Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy terrorçylykly hüjümleriň howpunyň bardygyny duydurdy. Bu gulluk ylaýta-da halkara aeroportlarynyň, otly wokzallarynyň, awtobus duralgalarynyň we elektrik stansiýalarynyň töwekgellikdedigini we howpsuzlyk gulluklarynyň terrorizme garşy bölümleriniň taýýarlyk ýagdaýynda saklaýandygyny habar berdi.

Hökümete garşy protestçiler bolsa Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda barrikadalary gurdular hem-de ukrain paýtagtyndaky we ýurduň beýleki ýerlerindäki birnäçe hökümet binalaryny eýelediler.

Geçen aý polisiýanyň we protestçileriň arasynda bolan ýowuz çaknyşyklarda azyndan üç aktiwist öldürildi, ýene biri bolsa keselhanadan alnyp gaçylandan soň, Kiýewiň çetinde öli tapyldy.

Ukrainada hökümete garşy protestler geçen ýylyň noýabr aýynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda ylalaşygyna gol goýmakdan ýüz öwürmegi netijesinde başlandy.
XS
SM
MD
LG