Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň atasynyň ady mekdebe dakyldy


"Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk" atly kitabyň daş jildi.
"Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk" atly kitabyň daş jildi.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň ady dakyldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baradaky permana anna güni gol çekendigini habar berýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow «Oguzhan» köşkler toplumynda, döwlet Baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň täze döredilen harby bölümleriniň şahsy düzümine söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

«Bu söweşjeň baýdaklar watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen, ýurdumyzyň asudalygyny goramakda siziň söweşjeň ruhuňyzy has hem belende göterer, berkarar watanymyza öçmejek hem söýi döreder – diýip, prezident baýdak gowşuryş dabarasyndan soň, harbylara ýüzlenip sözlän sözünde aýtdy. – Söweşjeň baýdagy götermek we goramak mukaddes borçdur. Siz mundanam beýläk-de söweşjeň baýdaklaryň astynda eden watançylyk kasamyňyza wepaly bolup, harby gulluk borjuňyzy abraý bilen birkemsiz ýerine ýetirmelisiňiz.»

Prezident Berdimuhamedowyň atasynyň heýkeli
Prezident Berdimuhamedowyň atasynyň heýkeli

Şeýle-de prezident, «Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, döwlet serhediniň asudalygyny goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin, döwletiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli», harby gullukçylaryň bir toparyna döwlet sylaglaryny bermek baradaky permana gol çekdi.

Mundanam başga, prezidentiň permany bilen Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby we we ýörite atlar dakyldy diýip, resmi metbugatda habar berilýär.

TDH-nyň ýazmagyna görä, şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi ofiserler öýünde harby bölümlere söweş baýdaklarynyň gowşurylmagynyň we prezidentiň atasy Berdimuhammet Annaýewiň adynyň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe dakylmagynyň hormatyna bagyşlanan dabaraly ýygnak boldy.

Bu dabara mejlisiň başlygynyň we beýleki hökümet resmileriniň hem gatnaşandygy habar berilýär.

Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgünde prezidentiň kakasyna goýlan ýadygärlik. 20-nji oktýabr, 2012
Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgünde prezidentiň kakasyna goýlan ýadygärlik. 20-nji oktýabr, 2012

Gepiň gerdişine aýdylsa, geçen ýylyň awgustynda Aşgabatda prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan bäş metr belentlikdäki heýkeliň hem açylyş dabarasy bolupdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhammedowyň ady dakylan 1001-nji harby bölüminiň täze binasynyň öňünde dikilen ýadygärligiň açylyş dabarasyna, beýleki resmiler bilen birlikde, ýurduň mejlisiniň başlygy, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary hem gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG