Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aktiwisti ýurdyny terk etdi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gyrgyzystanly tanymal aktiwist öz howpsuzlygyndan alada edýändigini aýdyp, ýurdy terk etdi.
Duşenbe güni Ilýa Lukaş Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Gyrgyzystany terk edendigini, ýöne özüniň gaçybatalga talaby kabul edilýänçä, nirededigi barada maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.
Lukaşyň özi Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinden bolup, ol adam hukuklaryny gorap çykyş edýän işleri bilen tanalýardy. Ol gomoseksuallaryň hukuklarynyň goralmagy we ýurtda giňden ýaýran gyz alyp gaçmak däbiniň bes edilmegi üçin gyrgyz resmilerine aç-açan çagyryş edipdi.
Geçen aý gomoseksuallara garşy göreş alyp barýan aktiwistler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde Lukaşyň suratyny otladylar we ony “milli gyrgyz maşgala gymmatlyklaryny depeleýji” diýip häsiýetlendirdiler.
XS
SM
MD
LG