Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meňzeşlikleri görmezlik mümkin däl


Moldowadaky posterleriň biri
Moldowadaky posterleriň biri
Birinji bilen, geçen aý Moldowanyň Gagauz awtonom respublikasy ýa-da awtonom Gagauz Ýeri Ýewropa Bileleşigini däl-de, Gümrük Bileleşigini goldamak üçin jedelli referendum geçirdi.

Şondan soň, 17-nji martda, Moldowadan bölünip aýrylan Pridnestrowyäniň parlamentiniň spikeri Orsýeti öz regionlaryny hem anneksiýa etmäge çagyrdy.
Gürrüňi edilýän region 1991-nji ýylda Moldowadan öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri syýasy, ykdysady we harby taýdan Orsýet tarapyndan goldanylyp gelinýär.

19-njy martda gagauz kanunçykaryjylary awtonom “Gagauz Ýerindäki döremegi ahmal bolan sosial hem-de syýasy durnuksyzlygyň öňüni almak üçin” käbir kanunlary kabul etdiler. Bu çärelere görä, Gagauz Ýerinde ýaragly howpsuzlyk bölümleriniň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Belki-de, “iň eýmenç waka” hökmünde hasaplanjak hadysa 18-nji martda bolup geçdi. Ýagny, Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin “Pridnestrowýe Ukrainanyň gabawy astynda” diýip çykyş etdi. Ol rus hökümetiniň 20-nji martda bu mesele boýunça ýygnak geçirip, gürrüňi edilýän regiona “ýakyndan ýardam bermek üçin” özleriniň “uly gerimli çynlakaý çäreleri” ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi. Rogozin 18-nji martda ITAR-TASS habar agentligine beren interwýusynda “Eger-de Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekse, onda ýagdaý has hem bulaşar” diýdi.

Rus milletini "goramak"

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 20-nji martda Moskwada geçen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda rus syýasatynyň dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan rus milletinden bolan adamlary “goramagy” maksat edinýändigini nygtady: “Biz syýasy, diplomatiki we kanuny çäreleri görmek arkaly daşary ýurtda ýaşaýan ähli ruslaryň bähbitlerini gorarys. Biz dürli ýurtlarda ol ýerlerde ýaşaýan biziň watandaşlarymyzyň hukuklaryna we azatlyklaryna sarpa goýmaklary üçin çäreleri göreris”.
Şu zatlaryň hemmesi Ukraina degişli bolan Krymda geçirilen jedelli referendumdan soň bolup geçdi. Moskwa, elbetde, Krymyň Ukrainadan bölünmegine getiren referendumyň tarapdarydy. Geçirilen ählihalk referendumyndan soň Orsýet Gara deňizdäki ýarymadany anneksirläp, özüne goşdy.

Rogozin Pridnestrowýe Ukrainanyň gabawy astynda diýen hem bolsa, Moldawa-da, Ukraina-da bu aýyplamalary ret etdiler. Kiýew Orsýetiň oda-köze düşmegi bilen regionda dörän düşünişmezlikler sebäpli, elbetde, öz araçäginiň howpsuzlygyny güýçlendirdi.

"Aladalar esasly"

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Jamestown Foundation” bileleşiginiň tejribeli işgäri Wladimir Sokor Kiýewiň aladalarynyň esaslydygyny aýdýar: “Ukrain häkimiýetleri käbir meýletinçiler, aýratynam kazaklar Ukraina bilen Pridnestrowýäniň arasyndaky araçäkden geçip, Odessa hem-de beýleki regionlara girerler we Moskwany goldap, protest çärelerini geçirerler diýip howatyrlanýarlar. Ukrain häkimiýetleri Pridnestrowýede Moldowany däl-de, Ukrainany durnuksyzlaşdyrjak hereketler bolar diýip çak edýärler”.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, Pridnestrowýäniň haýyşyna garamazdan, Orsýet bu golaýda agzalýan regiony anneksiýa etmez.

Ýöne şeýle bolsa-da, synçylar Moskwada ozalky sowet respublikalarynyň aralaryndaky döwlet araçäklerini täzeden düzgünleşdirmek barada gürrüňleriň gidýändigini aýdýarlar.
We are sorry, but this feature is currently not available
XS
SM
MD
LG