Birnäçe aý mundan ozal, paýtagt Aşgabatda kiosk görnüşli kommersiýa dükanlar ýa-da, il içinde aýdylyşy ýaly, "kommersiýa budkalar" aýrylyp başlandy. Şeýle-de aglaba hususy telekeçileriň ýöredýän dükanlarynyň iş tertibi kesgitlenip, olara gijäniň belli bir sagadyndan soň iş alyp barmak gadagan edildi.
Eýsem, dükanlaryň ýapylmagy ýerli telekeçilere nähili täsir ýetirdi? Türkmenistanda “kiçi we orta biznesi goldamak” ugrunda “edilmeli” diýilýän çäreleriň çäginde kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagyna ilat näme diýýär? Türkmenistanyň Telekeçiler birleşmesi ýerli biznesmenlere nähili hemaýat berýär?
Bu soraglara Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşaýjysy, 28 ýaşly telekeçi Öwez jogap bermäge synanyşar. Söhbetdeşligi habarçymyz Soltan Açylowa geçirdi.

We are sorry, but this feature is currently not available
Teswirleri gör (5)
Has köp teswir ýükle