Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


"Twitter" sosial ulgamyna girmäge synanyşýan iki zenan.
"Twitter" sosial ulgamyna girmäge synanyşýan iki zenan.
Soňky ýyllarda sosial ulgamlar, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň arasynda-da barha giňden ulanylýar. Muňa soňky döwürlerde açylýan türkmen saýtlary, sosial ulgamlardaky türkmen toparlary hem belli bir derejede şaýatlyk edýär. “Hytaýdaky türkmen talyplarynyň birleşigi”, “Turkmenistan Mary official group”, ýagny “Türkmenistan Mary resmi topar”, “Turkmen Style” ýaly sahypalar olaryň diňe käbirleridir.

Geçen hepdäniň dowamynda türkmen ýaşlarynyň agzalan käbir internet sahypalaryndaky we beýleki sosial ulgamlardaky işjeňligi barada gürrüň etmek, belki, sosial ulgamlardaky durmuşy höwes bilen yzarlaýan ýaşlar üçin gyzykly bolar.

“VKontakte”

Gürrüňe “VKontakte” sosial ulgamyndaky “Türkmenistan Mary resmi topar” atly sahypada gurnalan pikir soralyşygy bilen başlaýarys. Gürrüňi edilýän bu pikir soralyşykda “Siziň pikiriňizçe, Mary şäherinde täze näme açmaly?” diýen sorag berlip, soragyň aşagynda-da saýlamak üçin üç jogap ýerleşdirilipdir. Jogaplaryň arasynda “McDonalds” naharhanasy, “Buz köşgi” we “Tans kluby” bar.

1-nji aprelde gozgalan bu pikir soralyşyga 3-nji aprele çenli jemi 137 adam ses beripdir we 16 sapar hem halanypdyr. Sosial ulgamyň agzalary iň az sesi “Tans kluby” diýen jogaba beripdirler. Bu jogap häzirki wagt sesleriň 15,3%-ni alypdyr. Ikinji orny “ Buz köşgi” diýen jogap eýeläpdir, ol hem sesleriň 42%-ni alypdyr. Soňky netijelere görä, “McDonalds” diýen jogap sesleriň iň köpüsini, ýagny 42,8%-ni alyp, ol jogap birinji orny eýeleýär.

Indi bolsa sizi bu pikir soralyşygyň aşagynda galdyrylan teswirleriň käbirleri bilen tanyşdyrmakçy. “VKontakte” sosial ulgamynyň Gunça Gunça atly agzasy ýokardaky gürrüňi edilýän üç desgany açmagyň deregine şäheriň “köçeleriniň oňarylmalydygyny” ýazypdyr. Gunçanyň bu teswirine Maksat Annaýew atly agza “Gunça, eliňe pil al-da haýdaber onda” diýip, jogap galdyrypdyr.

Jelil Annaorazow atly agza bolsa Mary şäherinde “hemme zady açmalydygyny” ýazsa, Resul Kulyýew atly agza, bu paýlaşylan ýa-da gozgalan meseläniň, ýagny pikir soralyşygyň, hamana, samsyklykdygyny aýdyp, adminden şeýle zatlary paýlaşmazlygy sorapdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa Romeo atly agzanyň “Seniň aýlygyň saňa ýetýärmi?” diýen temasy köp okalan temalaryň biri bolupdyr. Onda Romeo atly agza ýakynda 2-3 oglan bolup, “Türkmenistanyň halkynyň näçe %-niň aýlygy ortaça aýlyk diýen” sorag boýunça statistiki barlagy geçirjek bolduk diýýär.

Soňra-da ol “Türkmenistanda hakyky ortaça aýlyk näçe?, Halkyň näçe %-i ortaça aýlyk alýar?, Näçe %-i hem orta aýlykdan pes alýar?, Halkyň näçe %-i orta aýlykdan ýokary hak alýar?, Halkyň näçe %-i hem garyplyk derejesine ýakyn ýaşaýar?” diýen soraglaryň ýüze çykandygyny aýdýar. Temanyň soňunda hem agzalardan alýan aýlygynyň näçedigini, eýse näçe aýlyk alsa, özüne ýeterlik boljakdygyny we özüni jemgyýetiň haýsy gatlagyna degişli diýip hasaplaýandygyny ýazmaklyk soralýar.

31-nji martda gozgalan bu tema 4-nji aprele çenli 398 gezek okalypdyr we ol 18 sapar hem halanypdyr. Bu temanyň aşagynda ýazylan teswirleriň birinde Adios Amigos atly agza: “Adam näçe aýlyk alsa, şonça-da islegi artýar. Hiç haçanam aýlygym ýetýär diýip bilmez. Şu wagt aýlygym bir özüme ýetmeýär” diýip, öz garaýşyny beýan edipdir.

Santi Munez atly agza bolsa: “Meniň aýlygym 1100 manada ýetýär... Meniň pikirimçe, maňa hojalygymy gowy dolandyrmak üçin 2000 manat töweregi [aýlyk alsam], bolarmyka diýýän... Şu wagt özümi ortaça hasaplaýan” diýip, öz alýan aýlygy we näçe alsa özüne we maşgalasyna ýetjekdigi, şeýle-de özüni jemgyýetiň haýsy gatlagyna degişli diýip hasaplaýandygy barada maglumat ýazypdyr.

Hoşşy ady bilen teswir galdyran agza bolsa: “Ortaça iki yarym million dagy bardyr. Ýöne hökümet ojagaz alýanyňam burnuňdan getirýär. Çöpe gitmeli, ýol kireý, dokumentasiýa, pagta, çäreler we ş.m. Garaz, ölmez-ödi ýaşamagyňa bolýa” diýip, ortaça aýlyk baradaky garaýyşlaryny, ortaça aýlyk diýilýäniň öz ýaşaýşy üçin ýetip-ýetmeýändigi baradaky pikirini ýazypdyr.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa, Welmyrat atly agzanyň ýitiren mobil telefonyny tapan adamyň ony yzyna getirip berendigi barada ýazan tweeti sosial ulgamyň beýleki agzalarynyň arasynda dürli tweetleriň ýazylmagyna sebäp bolupdyr. Welmyrat atly agza öz tweetinde şeýle diýýär: “Telefonymy ýitirdim. Tapan [adam] koddan açyp bilmän, telefonça [ussa] gidip, proşifka etdirip, simkartdaky Kakamyň nomerine jaň edip, telefony kakama gowşurdy”.

Sosial ulgamyň Abdi_164 atly agzasy: “Şeýle islenmez ýaly haýsy mobil telefon ulanýarsyň? Gyzyklandym” diýip, degişme äheňinde tweet ýazypdyr. Welmyrat atly agza bolsa, ol ýerde meseläniň başgadygyny, ýagny adamyň dini ynanjy bilen baglydygyny aýdypdyr. Bu gürrüňe goşulup, öz pikirlerini ýazanlaryň arasynda başga-da @jacksonReach, @weli_jan, @maksatgr, @sheva_itu ýaly agzalar bar.
XS
SM
MD
LG