Owganystanyň köp welaýatlarynda adamlar “Talyban” meýletinçileriniň yzygiderli bomba hüjümlerini geçirmekleri zerarly kynçylykly durmuşda ýaşaýarlar. Ýöne ýurduň Kapisa we Parwan welaýatlarynda parahatçylyk we durnuklylyk höküm sürýär. “Talybanyň” agzalýan regionlarda täsiri güýçli däl.
Muňa garamazdan, bu iki goňşy welaýatyň käbir obalarynyň ýaşaýjylary ýurtda 5-nji aprelde geçiriljek saýlawlarda ses bermäge gatnaşmajakdyklaryny aýdýarlar. Sebäbi olar ýerli jeňbaz serkerdelriň gazabyndan gorkýarlar.
"Görkezme"
“Talyban” ýurtda geçiriljek saýlawlara garşydygyny aç-açan aýtdy. Ýöne Kapisa we Parwan welaýatlaryndaky ýerli jeňbazlar prezidentlik bäsleşigine we ýerli häkimiýetlere bolýan saýlawlarda ses bermäge gatnaşmaň diýip, adamlara hiç hili duýduryş bermedi. Has takygy, jeňbaz serkerdeler halkdan diňe öz görkezen dalaşgärlerine ses bermeklerini talap edýärler.
Kapisa welaýatynyň Koh Bent etrabynyň efirde adynyň tutulmagyny islemedik ýaşaýjysy bu barada şeýle gürrüň berýär: “Serkerdeleriň her haýsysy başga-başga dalaşgärleri goldaýarlar we olar halkyň öz görkezen dalaşgärlerine ses bermeklerini talap edýärler. Käbir ýaragly toparlar ‘Biz pylana ses berýäris’ diýýärler we ýerli ýaşaýjylar hem şolaryň aýdan dalaşgärlerine ses bermeli bolýarlar. Jeňbaz serkerdeleriň “Talyban” meýletinçilerinden üýtgeşik tarapy ýok. Koh Bendiň ilaty jeňbaz serkerdeler Gül Näzim bilen Zabet Wekiliň ýerli halky gorky astynda saklaýandyklaryny aýdýarlar.
Kapisa welaýatynyň häkimi Mehrabiddin Safi gürrüňi edilýän iki jeňbaza degişli ýaragly toparlaryň bardygyny, ýöne halkyň arkaýyn ses bermekleri üçin ýerli häkimiýetleriň elinde baryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdy.
"Hökümetem özüm, 'Talybanam' özüm..."
Parwan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu welaýatdaky jeňbazlar prezidentlige dalaş edýän kandidatlary däl-de, ýerli geňeşiň agzalygyna dalaş edýän kandidatlary goldaýarlar.
Adynyň efirde agzalmazlygyny soran 20 ýaşly parwanly: “Biziň regionymyzdaky köp sanly obalarda komandir Nasruddin diýen jeňbaz hökmüni ýöredýär. Ol adamlaryň ýerli geňeş agzalygyna dalaş edýän kandidata ses bermekleri üçin iş alyp barýar. Nasruddiniň öz goldaýan dalaşgärlerinden başgalar saýlaw kampaniýasyny geçirse, ol olara hüjüm edip, dargadýar. Men Aşaba obasynda dalaşgärlere edilen hüjümi gözüm bilen gördüm. Men kakam bilen maşynly şol ýerden geçip barýarkam, Nasruddiniň adamlary saýlaw kampaniýasyny geçirýän beýleki dalaşgäriň adamlaryny ýenjip duran ekeni. Meniň kakam goşuljak boldy, ýöne Nasruddin kakama: “Bu ýerde men başlyk. Bu regionda hökümetem özüm, howpsuzlyk gullugam özüm, “Talybanam” özüm. Bu ýerde diňe bir dalaşgär üçin kampaniýa geçirilýär” diýdi.
Parwanly ýaşaýjy: “Men hiç kime-de ses berjek däl. Ses bereniňde-bermäniňde näme?! Bu ýerde erkin saýlaw ýok” diýýär.
Parwanyň häkimi Abdul Basir Salangi ýerli jeňbazlaryň saýlawlara howp salýandygy bilen ylalaşmaýar: “Hemme zat biziň gözegçiligimizde. Biz kimdir biriniň saýlawçylara haýbat atmagyna ýa-da kimdir biriniň saýlawçylary palan dalaşgäre ses bermäge mejbur etmegine rugsat bermeris”.
Beýleki meseleler
Bu ýyl geçirilýän saýlawlarda ýerli jeňbazlaryň saýlawçylara haýbat atmaklary halkyň ýüzbe-ýüz bolýan ýeke-täk problemasy däl. Kapisa we Parwan welaýatlarynda saýlaw kampaniýalary ýuwaş-ýuwaşdan soňlanýan hem bolsa, entegem olaryň afişalary we ündewsuratlary köçelerde asylgy dur. Öz dalaşgärlerini wagyz edýän kampaniýaçylar “mahabatyň” gözüni çykaryp, swetoforlara çenli afişa asyp çykypdyrlar.
Parwan welaýatynyň “Ýol gözegçilik gullugynyň” başlygynyň orunbasary Muhammet Ýunus welaýatyň paýtagty Çarykarda kampaniýaçylaryň swetoforlara, awtobuslaryň gatnaw tertibi ýerleşdirilen tagtalara öz afişalaryny asandyklaryny aýdýar: “Biz şäheriň merkezi çatrygyndaky swetoforlardan asylan suratlardyr afişalary aýyrmaly bolduk. Kimdir biri ‘swtoforlara afişa assam, hemmä görner’ diýip pikir edendir-dä”.
Çarykar şäheriniň merkezinde ýaşaýan bir çarykarly hepdäniň soňuny tutuşlygyna öýüniň daşky diwarlaryny aklamaga sarp edendigini, ýöne ertesi ir bilen turup görse, ap-akja diwarlaryna bir topar afişalaryň ýelmenendigini görüp galandygyny gürrüň berýär.

Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.