Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzyly "Niýazowskiý"

Paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy

Paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy Aşgabat boýunça näsaglaryň iň köp ýüz tutýan keselhanasy diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Bu keselhananyň töweregindäki awtoduralga elmydama awtoulagalardan doly. Keselhananyň howlusynda hem adam köp.

Emma “Nyýazowskiý” diýip atlandyrylýan bu keselhana ýerli mediada yzygiderli görkezilýän, ak mermerli, içi ýaldyrap duran, şeýle-de “ýurduň medisina pudagyndaky özegilişikleri aýan edýär” diýilýän keselhanalardan düýpli tapawutlanýar. Onuň binasy geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň arhitekturasyna degişli. Bu keselhananyň palatalarynyň köneligi, olarda ýeterlik amatly şertleriň ýoklugy bu keselhananyň düýpli remonta mätäçdigini görkezýär.
S.A.Niýazow adyndaky keselhanadaky nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

“Gyşyna palatalaryň köpüsinde sowuk bolýar. Näsaglaryň öz ýanlary bilen elektrik pejini getirmeli bolýan halatlary-da bolýar” diýip, bu keselhanadan ýaňy-ýakynda çykan näsaglaryň biri Baýram gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, näsaglara berilýän ýorgan-düşekler hem o diýen arassa däl. Şonuň üçin, ýorgan-düşekleri öýden getirýänler hem bar. “Bu keselhana öz-özüňe hyzmat ediş edara meňzeýär. Näsaglar iýjek-içjek iýmitini-de özi getirmeli” diýip, Baýram aýdýar.

Keselhananyň sanitariýa-arassaçylyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny bu keselhanada ýatyp çykan käbir beýleki näsaglar hem aýdýarlar. Geçen ýyl bu keselhanada ýatyp çykan Merediň aýtmagyna görä, bu keselhanada paýtagtda giň ýaýran tagta biti hem bolupdyr.

“Men şol keselhanadan, allergiýa bolan ýaly, endam-janym gyp-gyzyl bolup çykdym. Keselhanada geýen egin-eşigimi zyňmaly boldumd” diýip, Meret gürrüň berýär.

"Iki ýüzli" keselhanalar

Ýokarda: Çagalar keselhanasy;

Aşakda: Stomatologiýa merkezi.
1/5 Ýokarda: Çagalar keselhanasy;
Aşakda: Stomatologiýa merkezi.
Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagt Aşgabatda "döwrebap medisina tehnika bilen üpjün edilen, näsaglar üçin örän amatly şertler döredilen, ak mermerli" keselhanalaryň ençemesi açyldy. Emma “ilatyň medisina üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurulýandygy” aýdylýan bu keselhanalar köplenç ýagdaýda boş dur. Muňa hem olaryň adaty raýatlar üçin juda gymmatlylygy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda adamlar janyna şypa tapmak üçin sowet döwründen galan, könelen keselhanalara gitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Aşaky sergide Aşgabadyň täze açylan, emma aglaba wagt boş duran we her gün uly nobatlary bolýan köne keselhanalarynyň deňeşdirme suratlary ýerleşdirildi.
Ýokarda: Aşgabadyň S.A.Niýazow adyndaky keselhanasy

Aşakda: Göz formasynda bina edilen Göz kesellerini bejeriş halkara keselhanasy
2/5 Ýokarda: Aşgabadyň S.A.Niýazow adyndaky keselhanasy
Aşakda: Göz formasynda bina edilen Göz kesellerini bejeriş halkara keselhanasy
Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagt Aşgabatda "döwrebap medisina tehnika bilen üpjün edilen, näsaglar üçin örän amatly şertler döredilen, ak mermerli" keselhanalaryň ençemesi açyldy. Emma “ilatyň medisina üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurulýandygy” aýdylýan bu keselhanalar köplenç ýagdaýda boş dur. Muňa hem olaryň adaty raýatlar üçin juda gymmatlylygy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda adamlar janyna şypa tapmak üçin sowet döwründen galan, könelen keselhanalara gitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Aşaky sergide Aşgabadyň täze açylan, emma aglaba wagt boş duran we her gün uly nobatlary bolýan köne keselhanalarynyň deňeşdirme suratlary ýerleşdirildi.
Ýokarda: "Demir ýol" keselhanasy;

Aşakda: Deri wenerologiýa keselleri keselhanasy
3/5 Ýokarda: "Demir ýol" keselhanasy;

Ýokarda: Çagalar keselhanasynyň bir korpusy;

Aşakda: Onkologiýa merkezi.
4/5 Ýokarda: Çagalar keselhanasynyň bir korpusy;
Aşakda: Onkologiýa merkezi.
Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagt Aşgabatda "döwrebap medisina tehnika bilen üpjün edilen, näsaglar üçin örän amatly şertler döredilen, ak mermerli" keselhanalaryň ençemesi açyldy. Emma “ilatyň medisina üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurulýandygy” aýdylýan bu keselhanalar köplenç ýagdaýda boş dur. Muňa hem olaryň adaty raýatlar üçin juda gymmatlylygy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda adamlar janyna şypa tapmak üçin sowet döwründen galan, könelen keselhanalara gitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Aşaky sergide Aşgabadyň täze açylan, emma aglaba wagt boş duran we her gün uly nobatlary bolýan köne keselhanalarynyň deňeşdirme suratlary ýerleşdirildi.
Ýokarda: Paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň içi;

Aşakda: Kelle we boýun kesellerini bejeriş keselhanasynyň içi.
5/5 Ýokarda: Paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň içi;
Aşakda: Kelle we boýun kesellerini bejeriş keselhanasynyň içi.
Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagt Aşgabatda "döwrebap medisina tehnika bilen üpjün edilen, näsaglar üçin örän amatly şertler döredilen, ak mermerli" keselhanalaryň ençemesi açyldy. Emma “ilatyň medisina üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurulýandygy” aýdylýan bu keselhanalar köplenç ýagdaýda boş dur. Muňa hem olaryň adaty raýatlar üçin juda gymmatlylygy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda adamlar janyna şypa tapmak üçin sowet döwründen galan, könelen keselhanalara gitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Aşaky sergide Aşgabadyň täze açylan, emma aglaba wagt boş duran we her gün uly nobatlary bolýan köne keselhanalarynyň deňeşdirme suratlary ýerleşdirildi.
Previous slide
Next slide

Emma, bu ýagdaýlara garamazdan bu keselhanalara ýüz tutýan näsaglaryň sany köp. Munuň sebäbi-de bu keselhanalarda medisina hyzmatlarynyň elýeterliligi bilen bagly.

“Täze keselhanalardaky ýaly näsaglar üçin amatlyklar bolmansoň, olarda nyrhlar arzanrak. Şonuň üçin bu keselhanalar gurply bolmadyk ilat gatlagynyň keselhanalary diýse boljak” diýip, Baýram aýdýar.

Oňurga agyrysy ýaly keselden 10 günlük bejergi almak üçin “Nyýazowskiý” keselhanasynda medisina ätiýaçlandyryşy bilen 200-250 manat töweregi pul sarp etmeli. Dürli hili operasiýalaryň-da bahasy 300 manatdan ýokary geçenok. Demir ýol keselhanasynda hem şonuň ýaly nyrhlar bar.

“Nyýazowskide” saglygyna seretdirmekçi bolýan adamlaryň köplügi sebäpli, bu köne binadaky uly nobatlar hem adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Kassa pul tölemek üçin hatar bolup duran adamlar bilen bir wagtda, esasan dürli proseduralary almak üçin, uly nobatlar döreýär. Ol proseduralar köplenç halatda köne medisina enjamlarynda amala aşyrylýandygyna garamazdan, beýleki keselhanalardan arzan bolansoň, nobat köp bolýar.

Garaşyk

Şol bir wagtda-da sowet döwründen galan keselhanalarda medisina bejergisiniň hiliniň hem o diýen ýokary däldigi barada aýdylýar. Näsaglaryň hossarlarynyň aýtmaklaryna görä, bu keselhanalarda ýatan näsaglara gowy seretdirmek üçin lukmanlara pul berip durmaly bolýar.

“Iň bärkisi her smenada çalyşýan şepagat uýasyna pul berip durmasaň, ol näsaga seredibem durmaýar. Haçan-da pul berseň, kebelek bolup näsagyň daşyndan pyrlanýar” diýip, Baýram gürrüň berýär.

S.Nyýazow adyndaky keselhana düşen agyr keselli näsaglaryň ýatýan palatalarynyň penjireleriniň ýanynda näsagyň halyny sorap, garaşyp oturýan ýakyn hossarlarynyň aýtmaklaryna görä, keselhanada zerur bolan däri-dermanlaryň hem köpüsi ýok.

“Kähalatlarda gije gije-gündiz işleýän dermanhanalara gidip derman getirmeli bolýar. Iň bolmanda derman-därileri bir özlerinde bolsady” diýip, kakasy bu keselhananyň reanimasiýasynda ýatan Allamyrat aýdýar.

Emma, bu agzalyp geçilen ýagdaýlara garamazdan, keselhana özüni bejertmek üçin ýerleşmek isleýän adamlaryň sany gaty köp bolansoň, bu taýda käte otaglaryň ýetmezçilik edýändigini-de gürrüň berýärler. Käbir palatalarda 5-6 ýa-da 8 näsagyň ýatýandygy barada maglumatlar bar.

Keselhananyň häzirki ýaramaz ýagdaýlaryny bu keselhanalaryň lukmanlary hem boýun alýarlar. Emma, olar bu keselhanalaryň ýakyn wagtda rekonstruksiýa edilmegi bilen bu keselhanalaryň häzirki meseleleriniň çözüljekdigine ynanýarlar.

Emma her nähili hem bolsa, häzirki pursatda “Nyýazowskiniň” hakyky ýagdaýy şeýle: bu ýerdäki uly nobatlardan, ýaramaz şertlerden adamlar gaty nägilele we olar bu ýagdaýdan zeýrenýärler.

S.Nyýazow adyndaky keselhana paýtagtda sowet döwründen galan az sanly keselhanalaryň biri bolup, ondan başga häzir paýtagtda şol döwre degişli ”Demir ýol keselhanasy” we 11-nji mikroraýondaky "Eneler we çagalar keselhanasy" bar.

Emma olarda hem ýagdaý S.Nyýazow adyndaky keselhanadakydan tapawutly däl.
XS
SM
MD
LG