Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolöten prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Onlarça ýyl hiç hili abatlaýyş işleri geçirilmedik esasy ýol, häzirki wagtda ýokary derejede bejerilip, täzeden asfaltlanypdyr.
Onlarça ýyl hiç hili abatlaýyş işleri geçirilmedik esasy ýol, häzirki wagtda ýokary derejede bejerilip, täzeden asfaltlanypdyr.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň günorta obalarynda häzir gyzgalaňly ýagdaýda bejeriş we arassalaýyş işleri alnyp barylýar.

Ýeňiş daýhan birleşigindäki esasy edara-kärhanalaryň daşky görnüşlerine serenjam berilýär, onlarça ýyl hiç hili abatlaýyş işleri geçirilmedik esasy ýol, häzirki wagtda ýokary derejede bejerilip, täzeden asfaltlanypdyr. Köçäniň boýundaky tozap ýatan ýanýodalar hem tämizlenip, ozaldan bar bolan ähli zir-zibiller, haşal otlar hem aýrylypdyr.

Sapar

Etrabyň käbir obalaryna gyssagly “täze durk” bermek kampaniýasynyň ýaýbaňlanmagynyň düýp sebäbiniň bu etraba şu aýyň 5-i bilen 10-y aralygynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň etjek saparydygy aýdylýar. Saparyň çäginde G.Berdimuhamedowyň Ýolöten etrabynyň gündogar tarapyndaky gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine badalga berjekdigi bellenilýär.

Häzirki gürrüňi edilýän Ýeňiş daýhan birleşiginiň üstünden geçýän 15-20 kilometrlik ýol hem çölüň içi bilen Osman gaz ýatagyna çenli alyp barýar. Onlarça ýyllap “ellenmedik” bu ýoluň bejerilmegi, ýerli ilata utuş däl-de, eýse häzirki wagtda has köp amatsyzlyklary döredýändigi nygtalýar.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, ýerli resmiler “ýola zyýan” ýetiräýmäň diýip, köçäniň boýundaky obalylara öz mallaryny daşyna çykarmazlygy tabşyrypdyrlar. 30 ýaşlaryndaky Begenç hem bir hepde mundan ozal girizilen bu düzgüniň netijesinde öz hojalygyna uly zyýan ýetýändigini aýdýar.

“Bu ýol diýdiler, başga diýdiler. Häzir men mallarymy meýdana çykaryp bilmeýänligim üçin sygyrlarym gaty kösenýär. Janawarlaryň oty-iými ýetenok. Özüm gidip ot ýygjak bolsam bolsa, bir günümi şoňa sarp etmeli bolýaryn” diýip, Begenç Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Motosikletlere gadagançylyk

Munuň üstesine-de, oba ýaşaýjylarynyň gatnaw üçin ulanýan esasy ulagy bolan motosikletlere-de wagtlaýyn gadagançylyk girizilipdir. Ýaşaýjylaryň sözlerinden çen tutulsa, polisiýanyň işgärleri obanyň içinde motosiklet sürüp barýan birini görseler, onuň ulagyny wagtlaýyn tussaglyga gabaýarlar.

Ýaşaýjylara öz öýleriniň öňünde arassaçylyk işleri geçirdilýär
Ýaşaýjylara öz öýleriniň öňünde arassaçylyk işleri geçirdilýär
Ýoluň ‘hatyrasyna’ girizilen gadagançylyklar bilen birlikde ýerli ýaşaýjylaryň öz öýleriniň öňünde arassaçylyk, otag işlerini geçirmäge mejbur edilýändigi aýdylýar. Oba resmileri gelip, her kim öz öýüniň deňinde otlary çapmaly diýip aýdypdyrlar. Hojalykda göze ilýän wagtlaýyn duran maşynlaryň üstüni örtmekligi we käbir hojalyklaryň köne haýatlaryny aýyrmaklaryny talap edipdirler. Şeýle-de anna güni, Ýolöten şäherinde ministrlikden gelen ýörite resmileriň arassaçylyk babatynda medisina işgärleridir sanepidemstansiýanyň işgärleri bilen ýygnak geçirenligi barada hem maglumatlar bar.

Şol bir wagtda-da bu görülýän taýýarlyklaryň çäginde obanyň eteginde ýerleşýän Mary-Serhedabat ýolunyň ugrundaky köpri hem oňaryldy. Şol köpriniň hem prezidentiň geçerine garaşyp, adaty raýatlar üçin petikli saklanýandygy aýdylýar. Ozal köprüden gatnan ulaglar, indi ondan aýlanyp geçmeli bolýarlar.

Abatlaýyş işleri bilen bir hatarda, prezidentiň gelmegine iki-üç gün galanda, ýene-de käbir zatlar öňünden belli boldy. Aýdylyşyna görä, prezident gelende, etrapdaky edaralaryň ýapylyp, olaryň işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň prezidenti garşylamak üçin yssy howada täze ýollaryň gyrasyna çykaryljakdygy barada hem tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Başda belleýşimiz ýaly, bu çäreler prezidentiň Ýolöteniň günortasyndaky gaz ýataklarynyň özleşdirilip başlanmagy mynasybetli bu etraba gelip, “ak pata” bermegi bilen bagly gurnalýar.

Ýolötendäki gaz ýataklary dünýäniň iň uly gaz gorlarynyň biri diýlip hasaplanylýar. Britaniýanyň “Gaffney Cline&Assosiates” kompaniýasynyň audit barlaglarynyň esasynda hatda diňe Günorta Ýolöten gaz ýatagyndaky tebigy gazyň möçberiniň maksimal derejesiniň-de 26 trillion kubometrden hem ýokary bolup biljekdigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG