Sepleriň elýeterliligi

Arslan: Ilçihana 20-nji maýa çenli gidiň diýýär


Türkmenistana barýan studentler
Ukrainanyň Odessa şäherindäki durnuksyzlyk bu ýerde bilim alýan türkmen studentlerine nähili täsir ýetirýär? Ýatlatsak, 2-nji maýda Odessada Ukrainanyň hökümetini goldaýan we Orsýete tarapdar aktiwistleriň arasynda bolan çaknyşyklar zerarly 46 adam wepat boldy.

Odessanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan türkmenistanly student Arslan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň Odessada okaýan türkmen studentleri bilen duşuşandygyny we olara 20-nji maýa çenli Türkmenistana gitmegi tabşyrandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna ýüz tutdy, emma ilçihanadan jogap bolmady.

Student bilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG