Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Prezident geldi, şäheriň durmuşy durdy"


Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşýan ilat. 7-nji maý, 2014 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna sapar edýär. Onuň bu sapary mynasybetli welaýatda prezidentiň geçjekdigi aýdylýan köçeleriň we onuň golaý-goltumyndaky dükanlaryň iki günden bäri ýapylandygy aýdylýar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu ýagdaýyň ýerli ýaşaýjylar üçin amatsyz ýagdaýlary döredendigi habar berilýär. Prezidentiň edýän sapary bilen baglanyşykly Lebap welaýatynda dörän ýagdaýlar barada has jikme-jik maglumat almak üçin Azatlyk Radiosy habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:02 0:00
Ýükle

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG