Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçi hüjümini “Talyban” öz üstüne aldy


Aeroportda harby çäre tamamlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:38 0:00

Aeroportda harby çäre tamamlandy

Pakistanyň iň uly aeroportuna edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Karaçi aeroportuna 8-nji iýunda giçlik edilen şol hüjümde 28 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Hüjümçilerden käbirleriniň aeroporta harby eşik geýnip barandygy aýdylýar. Pakistanyň armiýasynyň metbugat wekili general Asim Bajuwa hüjümçileriň ählisiniň öldürilendigini aýtdy. Olaryň 10 adamdan ybarat topardygy çaklanýar.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň wekillerinden general Rizwan Ahtar 9-njy iýunda Karaçi aeroportundan habarçylara beren maglumatynda şeýle diýdi: “10 sany hüjümçi, bäş adamdan ybarat iki topara bölünip, aeroportuň iki tarapyndan geldiler. Operasiýa başlanyndan bäri şu wagta çenli aeroportuň howpsuzlygyna jogapkär işgärlerinden 7-si wepat boldy”.

Wakada Pakistan Howaýollarynyň dört işgäriniň hem wepat bolandygy aýdylýar. Şeýle-de şol atyşykda 26 adam hem ýaraly bolupdyr.

Pakistanda ýerleşýän “Talyban” hereketiniň wekili Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna telefon arkaly beren maglumatynda bu hüjümi özleriniň ABŞ-nyň adamsyz uçarlary tarapyndan geçen ýyl ‘Talybanyň” ýerli lideri Hakimylla Masudyň atylyp öldürilmegine jogap hökmünde amala aşyrandyklaryny aýtdy.

Hüjüm ilkibaşda terminalyň VIP bölüminde başlanypdyr. Harbylar hüjümçileriň şol wakada azyndan iki sany harby uçary hem weýran edendigi barada mediada çykan habarlary ret etdiler.

Aeroportuň ýolbaşçylary şol hüjümler sebäpli käbir ýolagçy uçarlaryň uçmaly wagtynyň wagtlaýynça yza tesdirilendigini, emma olara zýyan ýetmändigini habar berdiler.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň metbugat wekili general Ahtar bu barada ýene şeýle diýýär: “Aeroportdaky hiç bir uçara zyýan ýetmedi. Waka aeroportuň ýük daşalýan bölüminde bolup geçdi. Terminalyň şol bölegi terroristler tarapyndan oda berildi. We terroristler şol ýerde öldürildi”.

Şol bir wagtyň özünde-de Karaçi aeroportuna garşy amala aşyrylan hüjüm bilen Pakistanyň günorta-günbatarynda ýaňyja Eýrandan gelen pakistanly dindarlaryň mähellesinde janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan partlamanyň arasynda baglanyşygyň bardygy ýa ýokdugy hakda häzirlikçe takyk maglumat ýok.

Eýranda şaýylaryň mukaddes diýip hasaplaýan ýerlerine zyýarat edip, ýaňyja yzyna dolanan adamlaryň üýşmeleňinde amala aşyrylan şol partlamada azyndan 23 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG