Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitaby, «Saýlanan eserleriniň» 7-nji tomy çapdan çykdy.
Türkmen metbugaty bu kitabyň rus we türkmen dillerinde okyjylara ýetirilendigini, iňlisçe terjimesiniň hem taýýarlanylýandygyny habar berýär.
Täze kitapda ýurt baştutanynyň 2013-nji ýylda eden programmalaýyn çykyşlarynyň we sözlän sözleriniň, beren interwýularynyň, ýüzlenmeleriniň we gutlaglarynyň ýerleşdirilendigi habar berilýär.
Azatlyk Radiosy prezident Berdimuhamedowyň kitaplarynyň il içinde garşylanyşy bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.