Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestina-Ysraýyl: Konflikt dartgynlylaşýar


"Demir gümmez" ulgamy Ysraýylyň günortasyndaky Aşdod şäherinde raketa tutujysyny uçurýär. 9-njy iýul, 2014 ýyl.
"Demir gümmez" ulgamy Ysraýylyň günortasyndaky Aşdod şäherinde raketa tutujysyny uçurýär. 9-njy iýul, 2014 ýyl.

Palestinanyň häkimiýetleri Ysraýylyň howa zarbalary netijesinde soňky 24 sagadyň dowamynda azyndan 35 adamyň ölendigini habar berýärler. Bu adam pidalary palestinaly söweşijileriň amala aşyran raketa hüjümlerine gaýtawul hökmünde Ysraýylyň Gaza zolagyna howa zarbalaryny güýçlendirýän mahaly bolup geçdi.

Gürrüňi gidýän hüjümlerde azyndan 260 adam hem ýaralandy.
Bu 2012-nji ýyldan bäri Gazadaky dartgynlylyklaryň iň ýaramaz gerimidir.
Ysraýyl 8-nji iýulda hüjümler başlaly bäri öz uruş uçarlarynyň azyndan 430 nyşanyny bombalandygyny habar berýär.

Ysraýyl harbylarynyň maglumatyna görä, palestin söweşijileri, gizlin raketa atyjylar, şeýle-de Hamaz kontrol we dolandyryş merkezleri we tuneller nyşana alnyp bombalanan obýektleriň sanawyna girýär.

"Demir gümmez"

Şeýle-de harbylar 8-nji iýulda palestinaly söweşijiler tarapyndan 117 raketanyň Ysraýyla atylandygyny aýdýarlar. Maglumata görä, Gaza zolagyndan atylan beýleki 45 raketa ýurduň raketa hüjümine garşy “Demir gümmez” atly ulgamy tarapyndan urlup ýykylypdyr.

Gürrüňi gidýän zolakdan Ysraýylyň uly şäherleri nyşana alnyp atylan başga-da ençeme raketa 9-njy iýulda urlup ýykyldy. Tel-Awiwe atylan iki raketa hem “Demir gümmez” atly ulgam tarapyndan ýok edildi, emma Iýerusalimiň golaýyna üç raketa gelip düşdi.

Ysraýylyň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, raketalaryň biri Gazanyň takmynan 100 kilometr demirgazygyndaky Hadera şäherine baryp düşüpdir.
Ysraýyl, eger raketalaryň atylmagy dowam etse, Gaza goşun saljagyny aýdýar.

"Raýatlary goramak..."

Bu barada Ysraýyl hökümetiniň metbugat wekili Mark Regeb şeýle diýdi: “Hökümet bolup biläýjek islendik waka taýýar bolmak üçin Gaza bilen araçäkleşýän serhetde goşun bölümlerini ýerleşdirmek üçin harbylara tabşyryk berdi. Biziň birnäçe wariantlarymyz bar. Biziň esasy maksadymyz ysraýyl halkyny goramakdan we Gazadan biziň raýatlarymyza tarap raketalaryň atylmagyny bes etmekden ybaratdyr”.

8-nji iýulda Ysraýyl hökümeti rezerwdäki 40 müňe golaý goşuny çekmäge mümkinçilik berýän rezolýusiýany ykrar etdi.

Birleşen Ştatlar palestinalylar tarapyndan Ysraýyla yzygiderli atylýan raketalary ýazgardy, ýöne, muňa garamazdan, iki tarapy hem özlerine erk etmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasy konflikt ýagdaýyndaky taraplary özlerine erk etmäge çagyrdylar, Arap ligasy bolsa Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky krizis bilen baglanyşykly Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine bu krizis boýunça adatdan daşary maslahaty geçirmek çagyryşy bilen ýüz tutdy.

Günbatar tarapyndan goldanylýan Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas Ysraýyly Palestinanyň garşysyna howa hüjümlerini derhal bes etmäge çagyrdy. Abbas Palestinanyň Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan territoriýasynyň Iýordan derýasynyň günbatar kenaryndaky esasy uly bölegine ýolbaşçylyk edýär.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dartgynlylygyň soňky gerimi mundan üç hepde öň Günbatar kenarda ysraýylly ýetginjekleriň alnyp gaçylmagyndan we öldürilmeginden soň, başlapdy. Ysraýyl bu wakada “Hamaz” toparyny aýyplap, “Yslamçy hereketiň” ýüzlerçe aktiwistini tussag etdi.

Gaza kontrollyk edýän yslamçy “Hamaz” topary bolsa bu tussag edilmelere raketa hüjümleri bilen jogap berdi.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dartgynlylyklar geçen hepdede ysraýylly ekstremistler diýlip güman edilýän adamlar tarapyndan ar alyşa meňzeýän hadysada palestinaly ýetginjek oglanyň öldürilmegi netijesinde has-da ýaramazlaşdy.

XS
SM
MD
LG