Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Öý kitaphanalary garyplaşdy"


Türkmenistanda kitap söwdasy.
Türkmenistanda kitap söwdasy.

Sowet döwründe Türkmenistanda kitap okamak medeniýetiniň ösendigi, öýlerinde kitap toplaýan, köp okaýan we şahsy kitaphanaly maşgalalaryň köpelendigi aýdylýar.

Ýöne soňky iki onýyllykda Türkmenistanda gara sanaw döredilip, onlarça ýazyjynyň döwlet tarapyndan resmi bolmadyk gadaganlyga düşürilendigi, çeper eserleriň çap edilmeginiň görnetin azalandygy öňe sürülýär.

Şol bir wagtda, «Ruhnama» zorlugy hem adamlary kitapdan bizar etdi diýen pikir eşidilýär.

Eýsem sowet döwründe ösen okamak medeniýeti şu günki gün nähili ýagdaýda? Azatlyk radiosy bu barada öz öýünde kitap toplaýan türkmenistanlylaryň biri, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:14 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG