Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuwaş gelniň abraýy


"Ýuwaş gelin" filminden bir şekil
"Ýuwaş gelin" filminden bir şekil

Her bir milletiň milli häsiýetini aýan etmek hem onuň aýratynlyklaryny başgalara görkezmek dörediji adamdan uly jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi bu agyr wezipe, şeýle hem ynjyk mesele. Geçen asyryň ortalarynda, ýazyjy Naryman Jumaýew bu möhüm işe batyrlyk edip girişdi.

Eser 60-njy ýyllarda peýda boldy.

Ýuwaş gelin

Ýaş maşgala Selbi obanyň çetinde oturan bir ümsüm howla gelin bolup düşýär. Ol köneçil maşgala, diňe bir adamyň agzyna garap ýaşap gelýär. Bu maşgala düşen ýaş gelin Selbi özüniň ynsan şekilli ýaşamagyna päsgel berýän meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup, köp oýlanýar. Ýan ýoldaşy hem söýüp göwün beren ýigidi Jemşidi synlaýar. Ahyrynda şeýle göreşe hötde gelmegi ýüregine düwýär.

Selbiniň gaýyny Şamyrat aga köne möwrit adam, ýöne erk-ygtyýaryny halys könä aldyran, dogmatiki kejeňek däl.

Ol mert, kişi zähmetine mätäçligi ýok, ynsaby arassa. Ýöne uly durmuşdan üzülip, bir çetde galypdyr. Eýsem onuň şol durmuşa garaýşy bilen ylalaşyp, öz göwün-islegiň, özgerýän durmuşyň talaplarynyň garşysyna gitmek bolarmy? Seniň agyz-burnuňy baglan, dil-agyzsyz gury sana öwren köne düzgün bilen uýgunlaşmak mümkinmi? Ýa hemme gep-gürrüňleri, dawany taşlap, bu ýerden başyňy alyp çykmalymy?

Göreş

Bu göreşde Selbi ýeke däl, onuň ýan ýoldaşy Jemşit az-kem köneçilligi halasa-da, aslynda aýdyňrak hem açyk durmuşda ýaşamak isleýär. Şol wagtyň özünde ol gaýynynyň öýüne barmagy we gaýrylary namys bilýär. Ýöne onuň Selbä bolan hormaty uly.

Selbi Şamyrat agalara gelin bolup gelenden soň, köne howluda täze öwüşgin başlanýar. Ýöne Şamyrat aga hele-müçe özgerişe ýan berjek adam däl. Onuň aňynda erkek kişiniň sözi ýeke bolmaly, başgalara, aýratyn-da aýallara gulak asman, diňe öz diýeniň bilen hereket etmeli diýen düşünje ýaşaýar. Ine, onuň gelni Selbiniň dokan ajaýyp halysyna hem şol halynyň ýüzüne çitilen “Söýgi ýeňer” diýen sözlere garaýşy.

«…"Söýgi ýeňer". Heý, şeýle söz eşiden adam barmy? Söýgi – pälwanmy ýa-da dawaçymy? Söýgi salyhatly adamyň agzajak sözümi näme? Bu söz azgynyň: heleýbazyň, lolynyň, däliniň aýtjak sözi.»

Gaýyny eline gylyç alyp, bu hala topulanda, Selbi öz döreden senedini, gol azabyny parçalatmazlyk üçin aýaga galýar. Ol gorkmaýar hem yza çekilmeýär.

Bu jygba-jygly pursady ýazyjy şeýle beýan edýär.

«Bu egri gylyç, bu gaba telpek, bu çola howly, bu ýaşmak Selbiniň göz öňünde öňki syrly güýjüni ýitiren ýaly boldy. Ýüreginde emele gelen bir duýgy ony öz erkine goýman, “aýt dogryňy, häzir aýny wagty” diýip, böwrüne dürtýän ýalydy.

Ol:

– Ata-babalar gylyjy şeýle ulanypmyka? – diýenini duýman galdy.»

Şamyrat aga-da halys duýgusyz, dogmatiki göwre däl. Olam oýlanýar, ar-namysa düşünýär. “Namartlyk! Ýykylany sançmak?! Ata-babanyň watan goran gylyjy bilen haly çapmak. Gelniňden, ýanyňda jyňkyny çykarmaga milt etmejek ejizje aýaljykdan gyjalat eşitmek?”

Selbiniň häsiýeti şeýle ýiti psihologiki göreşlerde taplanýar.

Garaýyşlar

Şol wagtlar esere iki dürli baha berildi.

"Ýuwaş gelin" filminden bir şekill
"Ýuwaş gelin" filminden bir şekill

Bir topar edebiýatçy Selbi obrazyny köne pikirleriň, möwritini ötüren däp-dessurlaryň garşysyna göreşiji gahryman hasap etdi hem onuň parahatçylykly alyp barýan göreşine ýokary baha berdi.

Beýleki topar Selbi obrazynda iňňän çuňňur milliligi gördi. Ol gelin bolup baran öýüne wepaly maşgala. Öz söýgüsini hem nikasyny diňe göwün arzuwy ýa başgaça ýaşamak islegi üçin bozmak islemeýär. Gaýtam ony berkidýär hem nikanyň bozulmagyna ýol beräýjek näsazlygy parahat ýol bilen aradan aýyrmaga jan çekýär.

Şeýdip, ol öz maksat-niýetini hem baran ojagyny goraýar. Bu bolsa biziň halkymyzyň örän milli, hatda mukaddes däbi saýylýar. Şol ajaýyp däp Selbi obrazynda görkezilýär.

Ýuwaş gelniň şöhraty

Rus diline terjime edilen bu eser Bütinsoýuz okyjylary tarapyndan gowy garşylandy. Ol Moskwada çap edilýän “Družba narodow” žurnalynyň ýyllyk baýragyna mynasyp boldy. Sowet edebiýatyny öwreniji belli alym G. Lomidze “Ýuwaş gelin” barada “Literaturnaýa gazetada” ýörite makala bilen çykyş etdi.

Şondan soňra bu eser ýurtdan-ýurda, dilden dile aşyp; iňlis, nemes, ispan, polýak, ukrain, belorus, latyş, gazak, täjik we ençeme dillere terjime edildi. Türkmen edebiýatynda “Aýgytly ädim” bilen “Ýuwaş gelinden” başga hiç bir eser beýle giňişlige ýaýramandy.

Has soňrak “Ýuwaş gelin” esasynda adybir film döredildi.

Şol eseri döreden ýazyjy, ajaýyp ynan Naryman Jumaýewiň aradan çykanyna 3-nji awgustda 30 ýyl boldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişlidir.

XS
SM
MD
LG