Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gutarylmadyk işler


Ahmet Bekmyradyň ady dakylan 10-njy orta mekdepde onuň heýkeli hem oturdylypdyr.
Ahmet Bekmyradyň ady dakylan 10-njy orta mekdepde onuň heýkeli hem oturdylypdyr.

Ýaldyragyň ýalny öwüsýän günlerde, awgustyň ortasynda, zehinli edebiýatçy Ahmat Bekmyradow aradan çykypdy.

Ol juda ir gitdi. Onuň alyp barýan giň göwrümli işi gutarylman galdy.

Gowy pursat

Onuň ömrüniň iň ajaýyp pursady studentlik ýyllary bolsa gerek.

Ol uniwersitetde gowy kursda okapdyr. Onuň ýanynda Kömek Kuly ýaly obadaşy hem jan ynanýan dosty, Mämmetnazar Babanazarow ýaly ýazyjy-şahyr ýoldaşlary hem soňy bilen ömrüni baglanyşdyran gyzy bolupdyr.

Ahmet Bekmyradyň ady dakylan 10-njy orta mekdep
Ahmet Bekmyradyň ady dakylan 10-njy orta mekdep

Edebiýat meýdanyna bolsa poeziýadan geldi. Bizde owalda-ahyrda poeziýa esasy ugur saýylýar. Ahmedem ýaş şahyr hökmünde orta çykdy. Öz mugallymy, ajaýyp lirik Halyl Kulyýew oňa ak pata berdi.

Uniwersiteti gutaran badyna “Edebiýat we sungat” gazetiniň tankyt bölümine işe ýerleşdi. Şol döwürlerden goşgy ýazmagyny goýdy-da, edebiýatyň baş özeni bolan nusgawy poeziýany öwrenmäge girişdi.

Uly meseleler

Onuň ilkinji göze ilen işi “Göroglumy ýa-da Kerogly?” diýen çekişme häsiýetli makala boldy. Makala onuň Daşoguzda, döredijilik saparynda bolan täsirlerinden ýazylypdy. Ol bagşylaryň hem aýdyjylaryň köpüsiniň Kerogly diýmegi barada pikir ýöredýärdi. Emma ol makala çekişme döretmedi. Muňa derek ol ýakynlaryndan käýinç eşidipdi.

“Ýeri, seniň Görogly bilen ne işiň? Görýäň-ä, onuň daşyndan nähili belli alymlar aýlanýar. Sen olaryň okarasyna çemçäňi sokjak bolma. Görogly ýa Magtymguly ýaly beýikleriň golaýyna barma.”

Ahmet Bekmyradyň mazary
Ahmet Bekmyradyň mazary

Aslynda ol ulularyň garşysyna gitmän, olary dowam etdirýärdi. Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnan nusganyň akademik B.A. Garryýew tarapyndan, Moskwada çap edilen “Göroglusynyň” boýdan-başyna, bar ýerinde Kerogly gelýär.

“Göroglyny” bir çetde goýmak nire, gaýtam ol muny düýpli öwrenmäge girişdi. Aradan sähel wagt geçensoň, Görogly, onuň döreýşi, gahrymançylykly eposyň peýda bolşy hem kämilleşeş ugurlary barada giň maglumat berýän kitap peýda boldy. “Göroglynyň yzlary” atly ol monografiýany okyjylar gowy garşy aldylar.

Magtymguly meselesinde hem şeýle boldy. Ol Magtymgulynyň şygyr düzüş usulynyň halk döredijiligi bilen baglanyşyklydygyny derňemäge girişdi. Bu temadan ilki kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp, alymlyk derejesini aldy. Soňra doktorlyk işi üçin, bu meseläni has düýpli öwrendi.

Özgerişlik

Öz iş usulynda, ylymdaky akademizmden ýüz öwrüp, ylmy pikirleri publisistik häsiýetde beýan etmäge çalyşdy. Bu ýol öň tankytçy A. Myradow tarapyndan ösdürilipdi. Soňky döwürde Ö. Abdyllaýew, S. Myradow, D. Nuralyýew, J. Allakow, H. Taňryberdiýew ýaly edebiýatçy alymlar hem şu ýol bilen gitdiler.

Ahmet Bekmyrat ylmy işlerini gizlin ýazmady, golýazmasyny galyň papkalaryň arasynda ýygşyrmady. Her bir pikirini, aýan eden netijesini köpçülige ýetirdi. Ol gymmatly pikiriniň “ogurlanjagyndan” heder etmedi. Ol ylmyň publisistik häsiýetde bolmagyny, her bir açyşyň halk köpçüligine aýan edilmegini gazandy.

Şonuň ýaly-da, ol her bir zadyň düýp köküne ýetmek ýörelgesini öňe sürdi.

Ahmet Bekmyradyň ilkinji ylmy kitabynyň ady “Sadrançnama”. Ol 1983-nji ýylda çykypdy.

Kitap küşt barada. Küşt ýa-da sadranç gaty gadymy döwürden, türkmenleriň arasynda ýörgünli bolupdyr. Eger ol oýun halk arasynda ýaşap gelen bolsa, onuň taryhy kökleri hem bolmaly. Ahmediň ukyby hem şu meseläni aýdyňlaşdyrmaga gönükdi.

Ahmediň ylma getiren beýleki bir ýörelgesi dürli çeşmeleri aýan etmek boldy. Onuň her bir işinde köp sanly ylmy hem publisistik çeşmeler görkezildi.

Öň bolsa başgaçarak ýörelge bardy. Aýdaly, alymlar Magtymgulynyň döredijiligi barasynda ylmy iş ýazanlarynda, meseläniň möhüm ýerinde: “Gynansak-da, bu ugurda ýeterlik maglumat ýok” diýmegi halaýardylar. Ahmet bolsa munuň tersine, maglumatyň aşa köpdügini görkezdi. Okasaň, gözleseň, agtarsaň her bir ugurdan maglumatyň aşa köpdügini ol subut edip bildi.

Aýanlyk

Entek atlary hem hyzmaty ylmy dolanyşykda onçakly mälim bolmadyk as-Sulu, Danaata, Hekim Ata ýaly şahslary orta çykardy. Bu bolsa uly edebiýatdaky düýpli meselelere töwerekleýin çemeleşmäge şert döretdi.

Biz Hekim Atany tanamak bilen Magtymgulynyň döredijiligi barada başgaça oýlanýarys. Beýik şahyryň ölmez-ýitmez eserleriniň köklerini görýäris.

Bu diňe Magtymgulynyň däl, Andalybyň eserleriniň derňewi meselesinde-de şeýledir. Ahmet bize “Oguznamanyň” nähili beýik hem genial eserdigini düşündirmek isledi.

Ahmediň her bir ylmy işi bizi töwerekleýin oýlanmaga iterdi. Biz onuň işlerinden dürli maglumat berýän çeşmeler bilen tanyşdyk. Onuň gözlegleriniň çägi bolsa örän giň. "Amerikany kim açypdyr?", "Andalyp hem Oguznamaçylyk däbi", "Seýdiniň Marydaky galagoply ykbaly" ýaly işleri şol gözlegleriň netijesidi.

Bu işler aslynda uly göwrümli meseläniň başlangyjy bolsa gerek. Ol meseleler düýpli öwrenilmelidi. Ahmet ol meseleleriň bardygyny aýdyp ýetişdi, ýöne düýpli öwrenmäge ömri ýetmedi.

Şonuň üçin biz Ahmet Bekmyrady ýatlaýarys.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG