Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýesirleriň parady uruş jenaýatymy?


Donetskde paraddan geçirilen ukrain ýesirleri. 24-nji awgust, 2014. Roýters
Donetskde paraddan geçirilen ukrain ýesirleri. 24-nji awgust, 2014. Roýters

Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň ukrain uruş ýesirlerini Donetskiniň köçelerinde ile göz etmegi köp adamy dergazap etdi. Emma bu halkara kanunçylygynyň bozulmagy hasaplanylyp bilnermi?

Orsýetçi separatistler hepde aýagynda ýesir alnan ukrain esgerlerini Donetskiniň köçelerinde ile göz edip, paraddan geçirenlerinde, tomaşaçy mähelle olara kemsidiji sözleri aýdyp gygyrdy we üstlerine zir-zibil zyňdy.

Bu köp adamy, şol sanda adam hukuklary aktiwistlerini hem haýran eden spektakl boldy, olar muny Ženewa konwensiýasynyň uruş ýesirlerine çemeleşmek baradaky düzgünleriniň görnetin bozulmagy hasapladylar. Emma bu mejbury ýörişiň uruş jenaýatydygy we oňa şeýle esasda baha berip boljakdygy, halkara kanunçylygy boýunça ekspertleriň pikirine görä, beýle bir anyk däl.

Bu ýerdäki kesgitsizlik ukrain konfliktiniň özüniň nähili esaslarda kesgitlenmegi bilen bagly diýip, Los Anjelsdäki Loýola kanunçylyk institutynyň halkara kanunlary boýunça eksperti Deýwid Glazir aýdýar.

Konwensiýanyň düzgünleri raýat uruşlarynda şahslaryň mertebesine degilmegini, uruş ýesirlerine kemsidiji çemeleşilmegini gadagan edýär. Hökümetleriň arasyndaky uruşlar baradaky düzgünlerde, şol sanda ol tussaglary jemgyýetçilik bilesigelijiligine we masgaralamalaryna sezewar etmezlik barada az gadaganlyk girizilipdir. Donetskde 24-nji awgustda guralan paradda bolsa hut şu iki ýagdaý bolupdy.

Halkara konflikti bolmasa...

"Eger-de bu bir ýaragly halkara konflikti bolan bolsa, onda bu Ženewa konwensiýasynyň dilinde düzgün bozma hökmünde açyk beýan edilerdi” diýip, Glazir uruş ýesirleriniň ile göz edilmegi baradaky pikirini anyklaşdyrdy.

“Eger problema halkara derejesindäki ýaragly konflikt bolmasa, bu ýerde şahsy mertebä degilmegini standarta gabat getirmek has kyn. Onsoň munuň şol derejä baryp ýetýäni hem aýdyň däl.”

Gyzyl Haç halkara komiteti, Ženewa konwensiýasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik edýän gurama Ukrainadaky urşy halkara derejesindäki ýaragly konflikt däl diýip atlandyrdy.

Kiýew we günbatar hökümetleri şu aralykda Orsýeti gündogar Ukrainadaky pitneçilere ýarag we beýleki kömekleri bermekde aýypladylar. Emma Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

Hatda bu konflikt Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky uruş diýlip kesgitlenen ýagdaýynda hem, «jemgyýetçilik bilesigelijigi» dilini herekete getirmek – «ähli uruş jenaýatlary deň döredilen däl» diýip, Keýs Günbatar rezerwi uniwersitetindäki kanun institutynyň wagtlaýyn dekany Maýkl Şarf aýdýar.

“Jemgyýetçilik bilesigelijiligi” Ženewa konwensiýasynyň «bilkastdan öldürmek» we «adam gynamak, ýowuz daramak» ýaly çynlakaý düzgün bozmalaryna girmeýär» diýip, ol belledi.

“Şeýlelikde, bu bir alada edilmeli zat hem bolsa, men ol Orsýeti, mysal üçin, şu işe esaslanyp Halkara Jenaýat suduna çeker ýaly bir zat diýip pikir etmeýärin» diýip, Şarf uruş ýesirleriniň parady baradaky pikiriniň dowamynda aýtdy.

Orsýetem, Ukraina hem, Birleşen Ştatlar-da Halkara Jenaýat sudy bilen şertnama gol çeken ýurtlar däl, şol bir wagtda Kiýew, 2013-nji ýylyň 21-nji noýabry bilen 2014-nji ýylyň 22-nji fewraly aralygynda öz territoriýasynda bolan jenaýatlar üçin Niderlandiýada ýerleşýän suduň ýurisdiksiýasyny kabul etdi.

Şarfyň aýtmagyna görä, Ukraina Donetskde gurnalan ýesirler parady ýaly has ýakynda bolan wakalar babatda hem Halkara Jenaýat sudunyň ýurisdiksasiýasyna ýüzlenmekçi bolýar.

Hukuk toparlary ukrain ýesirleriniň Donetskiniň köçelerinde ile göz edip, paraddan geçirilmegini Ženewa konwensiýasynyň düzgünleriniň bozulmagy bilen bir zat hökmünde ýazgaryp çykyş etdiler.

Hýuman Raýts Wotç guramasynyň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber bu paradyň Ženewa konwensiýasynyň 3-nji maddasyndaky «äsgermezçilikli we kemsidiji» çemeleşmä görnetin gabat gelýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG