Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Açylmadyk pagtany ýygdyrýarlar"


Gowaça meýdanynda

Türkmenistanda geçirilýän hökümet maslahatlarynda prezident oba hojalyk işlerine agrotehniki kadalar esasynda, ylmy esasda çemeleşmelidigini, pagta ýygym kampaniýasynyň guramaçylykly we talabalaýyk geçirilmelidigini tabşyryp durýar. Bu duşenbe güni geçirilen maslahatda hem şeýle boldy.

Şol bir wagtda-da sowet döwründäki döwlet planlary, pagta ýygymynyň başlanmaly senesiniň ýokardan bellenmegi dowam edýär.

Lebap welaýatynda bolsa, pagta ýygymynyň ýokardan bellenen senesinden hem ir başlanandygy aýdylýar. Elbetde, «ir turan işinden dynar, ir başlan bolsalar, gowy zat» diýilmegi hem mümkin. Emma açylmadyk pagtany ýygmak, entek doly bişmedik gozalary el bilen açmak aňsat däl.

Bu barada Lebapdaky habarçymyz Osman Hallynyň beren maglumatyny diňläň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:56 0:00
Ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG