Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Staliniň kitabyndan "alnan" sahypa


Ukrainanyx goranmak ministri Waleriý Heleteý, Kiýew, 3-nji iýul, 2014.
Ukrainanyx goranmak ministri Waleriý Heleteý, Kiýew, 3-nji iýul, 2014.

Kiýew Ukrainanyň goranyşyny içinden opurmakçy bolýan orsýetçi içalylaryň köküni köwlemekde Staliniň kitabyndan bir sahypa alana çalym edýär.

Ukrainanyň goranmak ministri Waleriý Heleteý, ukrain harbylarynyň arasyndaky ýykgynçylykly elementleriň soňuna çykmak üçin, Iosif Staliniň dolandyryşy mahalynda bar bolan kontrrazwedka guramasyna çalymdaş Ýörite gullugyň döredilýändigini yglan etdi.

"Şu günki gün Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň we Goranmak ministrliginiň içindäki «bäşinji kolonnadan» dynmak hemme wagtdakysyndan möhüm" diýip, ol 30-njy awgustda öz feýsbuk sahypasynda ýazdy. "Komandirleriň buýruklarynyň ýerine ýetirilmezliginiň we goşundan gaçmagyň faktlary zerarly, duşman agentlerini paş etmek üçin, Goranmak ministrliginiň içinde, gös-göni meniň gözegçiligim astynda Ýörite gulluk döredilýär."

Bu gurama "SMERŞ-e çalymdaş bolup, ozaly bilen front liniýalarynda we harbylaryň adminstrasiýasynyň içinde işlär, ýakyn wagtda biz olaryň işleriniň netijelerini göreris" diýip, ol ýazdy.

SMERŞ içalyçylyga garşy göreş alyp barýan ýörite gullugyň gysgaldylan ady bolup, ol Stalin tarapyndan döredilip, 1943-njy ýyldan 1946-njy ýyla çenli aralykda harby kontrrazwedka guramasynyň wezipesini ýerine ýetiripdi.

“Smerş: Staliniň gizlin ýaragy» ("Smersh: Stalin's Secret Weapon") atly kitabyň awtory Wadim Birsteýniň maglumatyna görä, "Nasistler tarapyndan Germaniýa gulçulykdaky işçiler hökmünde iberilen 5.4 million sowet uruş ýesiri SMERŞ-iň elinden geçdi, olaryň 600 müň sanysy GULAG-a ýerleşdirildi."

Şeýle-de bu topar 9500 sany german agentini, 800 çemesi ýapon harby we aňtaw agentini, azyndan 400 sany ozalky Ak ruslary we ýaponiýaçy ruslary tussag etdi we öldürdi diýip, Birsteýn aýdýar.

Heleteý iýulyň başynda wezipä belleneli bäri batyrgaý we gapma-garşylykly beýanatlary etmekde dile düşdi. Ol öz wezipä belleninden sähel wagt soň pitneçiler bilen gepleşikleri olar ýaragsyzlanýançalar ret etdi.

1-nji sentýabrda bolsa, içalyçylyga garşy gulluk baradaky habaryndan soň, Heleteý öz feýsbuk sahypasynda «biziň bosagamyza ullakan uruş geldi, beýle urşy Ýewropa Ikinji Jahan Urşundan bäri görenok» diýip ýazdy.

Bu beýanatlar ukrain harbylarynyň soňky günlerde orsýetçi güýçleriň günorta-gündogar Ukrainadaky garşylykly hüjümlerine gaýtawul bermäge dyrjaşýan wagtynda edildi. Şondan ozal ukrain güýçleri Donetskde we Luhanskde pitneçilerden üstün çykyp başlapdylar.

XS
SM
MD
LG