Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýaraşyk boýunça ylalaşyk baglaşyldy


Minskde Ukrainanyň we gozgalaňçylaryň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden bir pursat.
Minskde Ukrainanyň we gozgalaňçylaryň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden bir pursat.

“Interfax” habar gullugynyň berýän maglumayna görä, Minskde Ukrainanyň we gozgalaňçylaryň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşyk baglaşylypdyr. Onuň 5-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 20:00 güýje girýändigi nygtalýar.

“Interfax” agentligi şahsyýetini anyklaşdyrmadyk bir resmä salgylanyp, “Anna güni sagat 18:00-dan (Kiýew wagty) başlap ok atyşyklary bes etmek baradaky protokola gol goýuldy” diýip ýazýar.

Berilýän maglumata görä, “Protokolda 14 madda, şol sanda hemmetaraplaýyn gözegçilik, ýesirleri alyşmak we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar”.

“AFP” habar agentligi Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň sözlerini getirip, onuň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň ÝB-niň we ABŞ-nyň goldawy bilen durmuşa geçirilmelidigi” baradaky belliklerini getirýär.

Minskdäki gepleşiklerden öň, ýagny 3-nji sentýabrda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen Russiýanyň prezident Wladimir Putiniň arasynda telefon gepleşigi bolupdy. Söhbetdeşligiň dowamynda 2,600 adamyň ölümine sebäp bolan konflikti soňlamak barada gürrüň edildi.

Bu aralykda NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen Ýaranlygyň liderleriniň Russiýanyň ýaýbaňlanyp barýan agressiýasy sebäpli abanaýan howpa gyssagly jogap çärelerini makullandyklaryny mälim etdi.

Rasmussen bu barada 5-nji sentýabrda Walesda Ýaranlygyň geçiren iki günlük sammitiniň çäginde çykyş etdi. Sammitiň dowamynda aglaba gündogar Ukrainadaky konflikt barada gürrüň edildi. Kiýew we NATO Russiýany Ukrainanyň hökümetine garşy söweşýän orsýetparaz separatistlere esger we ok-däri goldawyny ugratmakda aýypladylar.

Rasmussen anna güni eden çykyşynda aýtmagyna görä, ylalaşylan çäreleriň çäginde NATO “Ýaranlygyň gündogar sebitlerinde özüniň dowamly gatnaşygyny saklar”.

XS
SM
MD
LG