Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda kadrlar çalşyldy, käýinç berildi


Prezident G.Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ýolbaşçy kadrlarynyň birnäçesini işden boşatdy.
Prezident G.Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ýolbaşçy kadrlarynyň birnäçesini işden boşatdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Mary welaýatynyň ýolbaşçy kadrlarynyň birnäçesini «işde goýberen kemçilikleri üçin» wezipelerinden boşatdy, birnäçesine bolsa berk käýinç berdi.

Türkmen telewideniýesi şenbe güni prezident G.Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň käbir ýolbaşçy işgärlerini çalşyrmak, olaryň käbirine käýinç bermek barada gol çeken kararlary barada habar berdi.

Ýurt baştutanynyň gol çeken kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Oguljahan Hudaýberenowa «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Mährijemal Mämmedowanyň bellenendigi aýdylýar.

Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň başlygy, polisiýanyň maýory Mustafa Şyhyýew hem, «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, öz eýelän jogapkär wezipesinden boşadyldy.

Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Annagurbanowa bolsa, «wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, işde goýberen kemçilikleri üçin» berk käýinç yglan edildi.

Şeýle-de metbugatda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary Çaryýarguly Täşliýewe berk käýinç berlendigi, onuň bu käýinji «wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin» alandygy aýdylýar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi Begençmyrat Orazow hem «wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin» berk käýinç alypdyr.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi Atamyrat Ýagmyrowa we onuň orunbasary Geldimyrat Atanowa hem «wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýerine ýetirmän, işde düýpli kemçilik goýberenligi üçin» diýlip, berk käýin berildi.

Emma türkmen telewideniýesiniň habarynda prezident G.Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň ýolbaşçylarynyň işinden näme üçin nägile bolandygy, ýa-da olaryň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekde nähili düýpli kemçilikleri goýberendigi barada hiç bir zat aýdylmaýar. Galyberse, Mary welaýatynda ýolbaşçy kadrlaryň "wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekde goýberen düýpli kemçilikler" barada haýsydyr bir maslahat, ýygnak geçirilendigi hem habar berilmeýär.

Golaýda türkmen metbugaty ýurduň dört welaýatynyň, şol sanda Mary welaýatynyň 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnap, Garaşsyzlyk baýramyndan öň borçnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirendiklerini habar beripdi.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow golaýda Mara baryp, ol ýerde täze gurlan desgalaryň, şol sanda 1 milliard dollarlyk Ammiak we karbamid zawodynyň dabaraly açylyşyna gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG