Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aldanan Adalat


Adalatyň Azatlyk Radiosyna interwýusyndan soň, onuň meselesini çözmek wada berlipdi.

Lebaply ýaş ene Adalat Hemdemowanyň köçede ýatyp-turýandygy barada Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan bäri iki hepde töweregi wagt geçdi.

Adalat dört ýaşly çagasy bilen gitmäge ýeriniň ýokdugyny, ýerli resmileriň hem hemaýat etmeýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň bereninden soň, ýerli häkimiýetiň wekilleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen habarlaşyp, Adalata hemaýatyň beriljekdigini aýdypdylar.

Eýse, häzirki pursat Adalatyň ýagdaýy nähili, oňa wada edilen hemaýat berildimi? Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew gürrüň berýär.

please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:03:45 0:00
Ýükle

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG