Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alyýewiň işden çekilmegine çagyryldy


Bakuwdaky protest
Bakuwdaky protest

Azerbaýjanda müňlerçe oppozisiýa tarapdary hökümetiň syýasy tussaglary azat etmegini talap edip we prezident Ylham Alyýewiň 11 ýyllyk prezidentliginiň soňlanmagyna çagyryp, paýtagt Bakuwyň merkezinde proteste geçirdi.

Polisiýa Bakuwyň Mahsul stadionyna ýygnanan adamlaryň Alyýewiň işden çekilmegi barada edýän çagyryşlaryny eşitdirmejek bolup, olaryň mikrofonlarynyň toguny kesdi.

9-njy noýabrdaky protest demokratiýaçy hereket, Azerbaýjanyň Demokratiki güýçleriniň milli geňeşi tarapyndan gurnaldy.

Çykyş edenler mähellä ýüzlenip, tussag edilen ýa türmä basylan hukukçy aktiwistleriň, garaşsyz žurnalistleriň, oppozisiýadaky syýasatçylaryň suratlaryny görkezip, «Syýasy tussaglary azat et» diýen şygary ýokary galdyrdylar.

Azerbaýjanyň Demokratiki güýçleriniň milli geňeşiniň başlygy Jamil Hasanli mähellä ýüzlenip, şu günki günde dünýäde Azerbaýjan ýaly kän syýasy tussagly ýurduň ýokdugyny aýtdy.

Hasanli «Leýla Ýunus we Arif Ýunus» ýaly aktiwistlerden başlap, hökümet opponentleriniň we hukuk toparlarynyň syýasy tussag hasaplaýan adamlarynyň käbiriniň adyny agzady. Ady tutulan är-aýal dönüklikde we beýleki jenaýatlarda aýyplanýar we aýry-aýry tussaghanalarda saklanýar, emma goldawçylary olaryň syýasy sebäpler esasynda tutulandygyny aýdýarlar.

Hasanli aklawçy, Ýewropanyň Adam hukuklary suduna şikaýat eden onlarça adama wekilçilik eden Intigam Alyýewi, hukukçy aktiwist Rasul Jafarowy, oppozisiýadaky Musawat partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tofiq Ýagublyny, oppozisiýadaky Respublikan alternatiw partiýanyň lideri Ilkar Mammadowy hem agzady.

Bu adamlaryň hemmesi, goldawçylarynyň tassyklamaklaryna görä, syýasy sebäpler esasynda tussaglykda saklanýar.

Polisiýa guramaçylardan Alyýewiň işden çekilmegine çagyrmazlygy haýyş etdi, ol ýurda uzak wagtlyk ýolbaşçy bolan kakasynyň, merhum Haýdar Alyýewiň arkasyndan prezidentlige gelipdi we 2003-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda otyr.

Haçanda adamlar «Alyýew, işden çekil» diýip gygyrmaga başlanlarynda, sahnada çykyş edýänleriň sesleri eşidilmez ýaly, mikrofonlaryň togy kesildi.

Demokratiki güýçleriň milli geňeşiniň agzasy Fuad Gahramali özleriniň polisiýa öňünden adamlara näme diýip gygyrmaly däldigini aýdyp bilmeris diýendiklerini aýtdy.

Halk fronty partiýasynyň lideri Ali Kerimli halkara jemgyýetçiligini Azerbaýjandaky syýasy repressiýa göz ýummazlyga çagyrdy.

"Diktatorlar bilen işleşmegi bes ediň. Jenaýatçy rejimi goldamagy bes ediň!" diýip, Kerimli aýtdy.

Guramaçylar 9-njy noýabrdaky proteste 7 müň çemesi adamyň gelendigini aýtdylar, emma polisiýa olaryň sanynyň has az bolandygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG