Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Orta gatlagyň döremegi bökdelýär"


Türkmenistanda dollar nobaty
Türkmenistanda dollar nobaty

Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda uzyn nobatlaryň dörändigi, dollar söwdasyna girizilen täze çäklendirmeleriň kiçi biznese, elleri nagt pully daşary ýurtlara gidip, yzlaryna harytly gelýän telekeçilere urgy boljakdygy barada aladaly habarlar gowuşýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ozal, ýagny S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda dollaryň iki kursy, resmi hem gara bazar kursy bolupdy.
Aşgabatly synçy Nurberdi Nurmämmedow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde dollaryň iki kursunyň ýurtda kiçi telekeçilige, orta gatlagyň döremegine uly böwet bolandygyny aýdýar.

Synçynyň pikiriçe, ýurtda häkimiýet çalşyp, belli bir pul reformasynyň geçirilmegi, walýuta nokatlarynda dollaryň hemmeler üçin bir nyrhdan elýeterli bolmagy kiçi biznesiň ösmegine, orta gatlagyň gurplanyp başlamagyna itergi berdi.

Emma Nurberdi Nurmämmedow soňky döwürde kiçi telekeçileriň hususy dükanlarynyň ýapylmagynyň, dollar söwdasynda çäklendirmeleriň köpelmeginiň ýurtdaky az sanly oligarhlaryň peýdasyna bolup, orta gatlaga zyýanly boljagyny öňe sürýär.

Azatlyk radiosyndan Ýowşan Annagurbanyň aşgabatly synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp, bu meselede öz pikir-oýlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:50 0:00

XS
SM
MD
LG