Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Işgärleriň pagta çekilmegi dowam edýär”


Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleri pagta ýygýar. 18-nji noýabr, 2014 ý.
Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleri pagta ýygýar. 18-nji noýabr, 2014 ý.

Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda pagta ýygym kampaniýasy dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerini, şol sanda mugallymlary, lukmanlary pagta meýdanlaryna mejbury çekmek kampaniýasynyň dowam edýändigi habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem, 17-nji noýabrda geçiren wideo şekilli iş masalahatynda gowaça meýdanlarynda bar bolan hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň pagta meýdanlaryna çekilmegi we munuň olaryň işine we ilata ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:45 0:00

XS
SM
MD
LG