Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 47-nji hepde
1
Marynyň bazarynda paket sanap oturan bir oglanjyk. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň maşgalasyna hemaýat bermek maksady bilen ýurduň dürli künjegindäki bazarlarynda zähmet çekýändigini görse bolýar. Suratdaky oglanjyk bazarda aýlanyp bir-birden paket satýar.
2
Aşgabadyň köçelerini tämizleýän işçi zenanlar, ýagynly howalarda hem işlemeli bolýarlar. Olary aýaklary rezin ädikli, eginleri ýörite formaly köçelerde synlasa bolýar.
3
"Awazadan" 200 metr bärde ýerleşýän bir oba zir-zibiliň içinde ýaşaýar. "Awaza" syýahatçylyk zolagyna milliardlarça dollar goýberilip, giňden mahabatlandyrylýan pursady, sebitiň beýleki, hatda 200 metr bärdäki obalary hem ünsden düşürilýär.
4
Türkmenabat şäherinde daşyny suw basan elektrik transformatory. Türkmenistanyň gyrak bujagyndaky şäherdir etraplarda tehniki howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýän pursatlaryny görmek bolýar.