Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli halk maslahatlaryna saýlaw geçirilýär


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanda ýerli maslahat organlaryna saýlawlar geçirilýär. Resmi maglumatlara görä, 23-nji noýabrda welaýat, etrap we şäher maslahatlaryna ses berişlik ir sagat ýediden agşam sagat ýedä çenli geçirilýär.

"Türkmen telewideniýesi günüň ýarymynda saýlaw uçastoklarynyň köpüsinde ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 50%-den aşandygyny habar berdi", diýip Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýasynyň maglumatyna görä, ýerli maslahat organlarynyň welaýatlarda göz öňünde tutulan 250 ornuna 512 kandidat dalaş edýär, etraplarda we şäherlerde jemi 1480 orna 3012 kandidat dalaş edýär.

Dalaşgärleriň arasynda ýurduň bilim, ylym we medeniýet, saglygy saklaýyş we sosial üpjünçilik ugurlarynyň, şeýle-de, milli ykdysadyýet pudagynyň dürli ugurlarynyň işgärleriniň bardygy resmi maglumatlarda aýdylýar.

Saýlawlara gatnaşyp, ýerli halk maslahatlaryna agza bolmaga dalaş edýän kandidatlary hasaba almak işi 30-njy oktýabrda tamamlanypdy. Emma dalaşgärleriň atlary giň derejede köpçülige ýetirilmändi.

Türkmenistanda saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýasy 30-njy oktýabrda geçiren maslahatynda, 23-nji noýabrda ýerli halk maslahatlaryna geçiriljek saýlawlara gözegçilik edýän milli synçylary bilen işleşmek maksatly komissiýasynyň ýanynda döredilen işçi topara ýakynda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekillerini hem goşmak kararyny yglan edipdi. Türkmenistanda jemi üç syýasy partiýa hasaba alnan.

Türkmenistanda halk maslahatlaryna ýekşenbe güni geçirilýän saýlawlar barada ýurduň habar beriş serişdeleriniň köpüsinde maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG