Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: ÝB gozgalaňçylara sanksiýa girizdi


Täze saýlanan deputatlar, Donetsk,14-nji noýabr, 2014
Täze saýlanan deputatlar, Donetsk,14-nji noýabr, 2014

Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň gündogarynda noýabryň başynda geçirilen saýlawlara guramaçylyk eden separatist liderlere garşy sanksiýa girizip, separatistler we olaryň guramalary babatynda hasaplary doňdurmak we syýahatçylyga gadagançylyk ýaly çäreleri ulandy.

29-njy noýabrda Ýewropa Bileleşigi 13 sany ukrain separatistiniň we olaryň bäş sany syýasy guramasynyň adyny eýýäm 119 adamy we 23 guramany öz içine alýan sanksiýalar sanawyna goşdy. Bu karara Ýewropa Bileleşiginiň ilçileriniň 27-nji noýabrda Brusselde geçiren maslahatynyň netijesinde gelindi.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk regionlarynda orsýetçi separatistler 2-nji noýabrda saýlaw geçirip, Kiýewden garaşsyzlygy talap etdiler. Günbatar bu saýlawlary bikanun diýip atlandyrdy, Orsýet bolsa ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG