Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Gohuňy goý, bitin şaýa satyn alaýyn


Karikatura.
Karikatura.

Sapakda

Mugallym “Şahyrana halk döredijiligi” diýen temany geçende “Dana ata-babalarymyz “Bir okana, birem dokana” diýipdir…”diýen jümläni dile getirende bir okuwçy ýerinden tarsa turup:

-Ýoldaş mugallym, näme, beýlekiler aç ölmelimi? -diýip, sowal beripdir.

Jedel

Iki student özara jedel edýär. Biri “Şäherimizde Puşkine ýadygärlik dikeldip dogry etdiler. Sebäbi uly ussatlar külli adamzada degişli bolýar” diýýär. Ikinji student:

-“Lermontowa-da ýadygärlik oturtmaly” diýersiň-ow! Beýle zat bolmaz. Dantes bilen Martynow-a nyşanany jaýdar urup, garşydaşyny ol dünýä ýollaýar. Duelde ýeňilenlere bolsa ýadygärlik oturdylýar.
Taryha hormat goýmaly, hakykaty dikeltmeli, ýeňijilere ýadygärlik oturtmaly -diýip, goh edipdir.

Ýakasyny tanadan

Lebapdan Balkana iş gözläp giden lapykeç halda öýüne dolanýar. Gelni “Oglan, ýüzüň salyk, näme, iş tapmadyňmy?” diýip soraýar. Ol “Barsagelmeze gitmäge razy bolsaň, iş bar” diýdiler. Barsagelmeze gider ýaly näme günäm bar” diýip, gaharly heňkiripdir. Barsagelmeziň ýer adydygyna näbelet gelni:
-Hä-ä, Balkanda-da eýýäm ýakaňy tanatdyňmy? Ol-a Barsagelmez eken, Gitsegelmez bolsa-da, işe gir. Çagalarym gaty zagara zar. Bu bolsa Barsagelmeze gitjek dälmişin -diýip, sesine bat beripdir.

Dawa

Aga-ininiň arasyna şeýtan düşüp, sögüşýär. Dyzmaç inisi “Arabaňy aňyrda sür, seni ýarym şaýa-da
satyn alamok” diýýär. Gany depesine uran agasy “Almazmyň, ýarym şaýa-da satyn almazmyň?” diýip, ýumrugyna tüýkürip, inisiniň üstüne dyzmaç sürünýär. Düşşüş inisi akylyna aýlanyp:

-Bolýar-how, gohuňy goý, bitin şaýa-da satyn alaýyn-diýip, dawany degişmä öwürjek bolýar. Agasy:

-Küdüň ýaly ýumrugyň depäňden injegini bilseň, baý, satyn alarsyň-a. Hany, meni bitin şaýa satyn almanam gör -diýip, hemle atypdyr.

Et güni

Döwlet syýasatynyň wepaly hyzmatkäri, lepbeýçi ýazyjy mekdep okuwçylary bilen duşuşyga gelýär.
Duşuşygyň ahyrynda okuwçylaryň biri “Ata-enemiz SSSR döwri hepdäniň dördünji güni, penşenbe güni
“Balyk güni” bolardy” diýip, gürrüň berýär. Häzir nämüçin “Balyk güni” ýok?”-diýip, oňa sowal berýär. Ýüzi düýäniň dabanyndan galyň pyýada:

-Bizde häzir, dogurdanam “Balyk güni” ýok. Her günümiz “Et güni”. Ol Garaşsyzlygyň şirin miwesi, döwlet syýasatynyň adam hakyndaky atalyk aladasynyň subutnamasy. “Et nämüçin gyt, gymmat?” diýip, sowal bermersiňiz. Çünki siz Altyn asyryň merjen däneleri -diýip, öz jogabyna özi el çarpypdyr.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG