Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diktatorlaryň halaýan naharlary


Iosif Stalin (sagda).
Iosif Stalin (sagda).

Ýugoslawiýanyň baştutany Broz Tito ýurduna myhman gelen aristokratlara, tanymal sungat işgärlerine iň gymmat tagamlary hödürledenem bolsa, özüniň iň halaýan nahary - doňuz salasy, ýagny doňuz ýagy bolupdyr.

Diktatorlaryň iýýän naharlarynyň olaryň dünýägaraýşy we häsiýeti bilen arabaglanyşygy barmyka? Eýse, tagam duýgusy olaryň dünýägaraýşyndan we häsiýetinden gelip çykýarmy ýa-da, tersine, olaryň dünýägaraýşyndan we häsiýetinden iýýän naharlarynyň täsirini gözlemelimi?

Wiktoriýa Klark (Victoria Clark) bilen Melissa Skot (Scott) dagylaryň täzelikde çap edilen "Diktatorlaryň nahary" (Dictators' Dinners) atly kitabynda, ynha, şunuň jogaby gözlenilýär.

Diktatorlaryň ençemesi öz iýýän naharlaryna garradykça has köp üns beripdirler. Meselem, Demirgazyk Koreýa Halk Respublikasynyň owalky baştutany Kim Ir Sen (Kim Il-sung), özi üçin bişiriljek tüwiniň her bir dänesiniň ýörite saýlanmagyny talap eder ekeni. Ol hatda öz ömrüni uzaltmak üçin ýörite institut hem döredipdir.

Naharyny ýany bilen alyp gidipdir

Rumyniýanyň diktatory Nikolaý Çauşesku bolsa, daşary ýurda sapara gidende, naharyny hem ýany bilen aldyrypdyr. Bu ýagdaý şol ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýaramandyr.

Diktatorlaryň aglabasy adatylykdan daşlaşan adamlar bolany üçin, olaryň saçagynda hem naýbaşy naharlar esasy orunda durupdyr.

Meselem, Ýugoslawiýanyň baştutany Broz Tito ýurduna myhman gelen aristokratlara, tanymal sungat işgärlerine iň gymmat tagamlary hödürledenem bolsa, özüniň iň halaýan nahary - doňuz salasy, ýagny doňuz ýagy bolupdyr.

“Nahar çagalyk ýyllary ýatladýar”

Portugaliýanyň diktatory Antonio Salazar demirgazykdaky sowuk suwlarda ýaşaýan seledka ýa-da ringa (latynça "Clupea") balygyny iýmäni halaýar ekeni. Özüniň aýtmagyna görä, bu oňa kynçylykly geçen çagalyk ýyllaryny ýadyna salypdyr. Ol şol döwürde, çagalykda, bir balygy jigisi bilen bölüşip iýer ekeni.

Dartgynly iş tertibi hem diktatorlaryň nahar saýlamagyna öz täsirini ýetiripdir. Meselem, Adolf Gitler aşgazanly bolansoň, ýagny aşgazanynda näsazlyk bolansoň, tagamlara çümhörek bolupdyr. Aýdylyşyna görä, ony wegeterianlyga, ýagny diňe gök önümleri iýip oňmaga iteren sebäp hem şu ýagdaý eken. Emma, Gitlerden tapawutlylykda, Liwiýanyň ozalky diktatory Muammar Kaddafi, belli bolşuna görä, içi ýellenmekden dert çekmändir.

Adolf Gitler
Adolf Gitler

Hytaýyň kommunistik lideri Mao Tze Dun bolsa köplenç et iýipdir we şonuň üçinem ýygy-ýygydan hajathana gatnamaly bolupdyr.

Yragyň zalym diktatory Saddam Hüseýin hem, saglyga peýdaly tagamlaryň tarapdary bolanam bolsa, çagalykdan galan endigine görä, şokolad iýmäni goýup bilmändir. Onuň iň halaýany bolsa " Quality Street" atly şokolad ekeni.

Saýlama tagamlar...

Sowet diktatory Iosif Staliniň sagdynlygy onuň at-abraýyna kybapdaş bolmaly ekeni. Onuň saçagynyň üsti hemişe satsiwi diýen ýaly iň lezzetli gürji naharlary we beýleki seýrek duş gelýän saýlama tagamlardan hem-de dürli şeraplardan doly bolupdyr. Staliniňkide gurnalýan oturylyşyklar, adatça, gije sagat 23-den daňdan sagat 5-e çenli dowam edipdir. Köp adamlar, saglygy çydasa-çydamasa-da, baştutanyň ýanynda edil onuň özi ýaly iýip-içmäge mejbur bolupdyrlar. Aýdylyşyna görä, şeýle oturylyşyklaryň birinde SSSR-iň Stalinden soňky liderlerinden biri bolan Nikita Hruşýow, agyr iýgi-içgilere halys çydap bilmän, oturan ýerini hapalapdyr, ýagny balagyna goýberipdir.

Ençeme gezek janyna kast edilmäge synanyşylan Gitleriň iýjek naharyny barlaýan 15 sany ýörite gyzlar topary bolupdyr. Ol öz naharyny hemişe, şol gyzlar dadyp görenden soň, 45 minut geçensoň iýipdir.

Çauşeskiniň janpenalarynyň biri şol bir wagtda himik hem bolansoň, daşary ýurtlara gidilende, ýany bilen iýmitleri barlaýan göçme laboratoriýasyny hem alyp gidýär ekeni. Ýöne şeýle howpsuzlyk çäreleri ne Gitleri ne-de Çauşeskini ölümden gutarypdyr. Olaryň hiç birem ahyrsoňunda öz ajalyna ölmändir.

XS
SM
MD
LG