Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hususy et dükanlary ýapyldy”


Ýapylan et dükanlaryň biri.
Ýapylan et dükanlaryň biri.

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda et dükanlarynyň ýapylandygy habar berilýär. Maglumata görä, resmiler etiň 1 kilogramynyň bahasyny 12 manatdan geçirmeli däl diýip tabşyryk berensoň, gassaplaryň birnäçesi öz et dükanlaryny ýapypdyrlar.

Şol bir wagtyň özünde welaýat merkezindäki döwlete degişli et dükanlarynda 1 kilogramy 12 manada barabar bolan etiň satylyp başlanandygy, emma ondan nobata duran her bir adamyň diňe 2 kilogram satyn alyp bilýändigi aýdylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew maglumat taýýarlady. Maglumaty aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:16 0:00

XS
SM
MD
LG