Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Et nobatlary toý märekesini ýatladýar"


Aşgabat.
Aşgabat.

Paýtagt Aşgabadyň et satýan dükanlarynyň öňi soňky birnäçe günlükde toý märekesini ýatladýar. Alan – alanyňky, galanyň – galdygy, garaz, et dükanlarynyň öňi adamdan gykyn alýar. Bu üýşmeleňiň sebäbi, ençeme aýdan soň bazarlarda ilkinji gezek satuwa çykarylan elin et bilen bagly.

Dyknyşygyň ýene bir sebäbem hökümetiň eýeçiligindäki bu elin et et dükanlarynda arzanlaşdyrylan bahadan satylýar. Onsoň et dükanlarynyň öňünde nobata duran adamlaryň sany gün saýyn artýar. Aşgabadyň ”Teke bazaryndaky” we ”Ors bazaryndaky” et dükanlarynyň öňündäki nobatlarda häzirki wagtda et aljak adamlaryň sany nobatlarda käte 50-60-a ýetýär.

Nobatlar

Geçen hepdäniň başynda Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky ”Paýtagt” söwda merkezinde iş alyp barýan et dükanlarynda nobata duranlar 10-15 adamdan ybarat bolan bolsa, bu hepde olaryň sany iki esseden hem köpeldi.

”Teke bazaryndaky” etçileriň öňi-de diýseň köpadamly, bu bazardaky et satmak üçin döredilen pawiliona häzirki wagtda üýşýän adamlar syganok. Şol pawilionyň daşynda iki setir nobat döräp, ol nobatlaryň hersinde azyndan 40-50 adam garaşyp durlar.

Paýtagtyň ”Gülüstan” ýa-da ”Ors bazarynda” hem ýagdaý tapawutly däl. Elin et almak üçin bu ýerde nobata duranlaryň sany hem geçen hepdäniň başyndaky bilen deňeşdireniňde has köpelipdir.

Bu nobatlarda duran adamlaryň hersine elin et çäkli möçberde berilýär. Ähli bazarlarda hem adam başyna 5 kilogram elin eti berilýär. Ýogsa, geçen hepde bazarlara elin et çykarylyp başlananda, ”Ors” we ”Teke” bazarlarynda bu hili çäklendirmeler ýokdy.

Gara bazar

Et gyt bolansoň, etiň gara bazary hem döräp başlady. Ýagny et almak üçin gelýän adamlar, girizilen çäklendirmäni ”böwsüp geçip, normadan artyk et almak üçin, öz ýanlary bilen adam getirýärler, bu ýagdaýyň öňüni almak üçinem ýörite gulluklar öz gözegçiligini barha artdyrýarlar.

Bu ýagdaý hususy et dükanlaryna hem erbet täsirini ýetirýär. Azatlyk Radiosyna gowşan habarlardan mälim bolşuna görä, hökümet elin eti 12 manatdan satyp başlansoň, edil şu talaby hususy et dükanlaryndan hem edip başlapdyr. Satyjylaryň käbiriniň sözlerinden çen tutsaň, onda olardanam etiň kilosyny 12 manatdan satmak talap edilip ugrapdyr.

Elin et hökümet tarapyndan arzanladylan nyrh bilen bazara çykarylanda, ýerli häkimiýetler hususy dükanlardan hem etiň bahasyny şol wagtky nyrh bolan 20 manatdan 12 manada çenli peseltmegi sorapdylar, bu bolsa hususy et dükanlarynyň uly böleginiň ýapylmagyna getiripdi.

Nobatlaryň ulalmagy bilen adamlar indi azyndan 1-2 sagat öz nobatlaryna garaşmaly bolýarlar. Käbirleri bolsa ir säher bilen gelip nobat belleýärler. Olaryň käbirleri özleri we goňşulary ýa-da garyndaşlary üçin hem nobat belleýärler.

Etiň hili we gözegçilik

Adamlaryň köp we etiň bolsa çäkli ýagdaýda berilmegi nobata duranlaryň arasynda kämahal dawa-jenjeliň döremegine getirýär. Bu hili ýagdaýlaryň öňüni almak üçin polisiýa işgärleri ýörite gözegçilik edýärler.

Şeýle-de ilata berilýän elin etiniň hiliniň peselýändigini aýdýanlar hem bar. “Ilkibaşda etiň gowy ýerleri berilýärdi. Soň-soňlar eýýäm ýagy köp ýa-da süňküni köp edip berip başladylar” diýip, özüni Amangül diýip tanadan Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Bu uzyn nobatlaryň haçana çenli dowam etjegini bilýän ýok, resmiler hem munuň sebäbi barada hiç hili düşündiriş bermeýärler. Adamlaryň arasynda hökümet tarapyndan arzanladylan bahadan satylýan elin etiň täze ýyl baýramyna çenli beriljekdigini, şondan soň elin etiň satylmajakdygyny aýdýanlaram bar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda paýtagtda dörän nobatlar soňky üç aýyň içinde göze ilýän ikinji uly nobat diýse bolar. Mundan ozal paýtagtda dollar nobaty möwç alýardy. Bu nobatlaryň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG