Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 51-nji hepde
1
Aşgabatda täze doglan çagany we onuň ejesini keselhanadan alyp gaýtmak üçin niýetlenen awtoulag. Soňky ýyllarda türkmenleriň arasynda täze dünýä inen çagany we onuň ejesini gelinalyja meňzeş edilip bezelen ulagda keselhanadan çykarmak täze däbe öwrülendigi aýdylýar. Suratda keselhanadan täze doglan çagany we onuň ejesini alyp gaýtmaga taýýarlyk görýän maşgalany görýärsiňiz.
2
Aşgabadyň “Çoganly” raýonynda kanalizsiýa ulgamy geçýän agzy açyk çukurlaryň biri. Käbir köçerlerdäki agzy açyk çukurlaryň öňünde duýduryş berýän belginiň ýerleşdirilmeýändigi ýa-da onuň töwereginde howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmeýändigi aýdylýar.
3
Aşgabadyň 9-njy kiçi etrapçasynda ulanyşdan galan köne markaly awtoulag. Ulanyşdan galan käbir awtoulaglaryň ýörite köne ulaglaryň saklanylýan ýerine alnyp gidilmän, ençeme ýyllar ýaşaýyş jaýlaryň howlusynda saklanylýan pursatlaryny görse bolýar.
4
Zir-zibilleri dörüp, özüne azyk önümleri gözleýän gartaşan zenan. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gartaşan käbir zenanlaryň zir-zibillerden azyk önümlerini gözleýän pursadyny görse bolýar.