Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Žurnalistleriň ölümi artdy


Žurnalistleri goramak boýunça komitet
Žurnalistleri goramak boýunça komitet

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) 2014-nji ýylda özüniň habarçylyk işi bilen baglylykda 60 žurnalistiň öldürilendigini aýdýar.

23-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda Komitet şu ýyl halkara habarçylaryň Ýakyn Gündogardaky, Ukrainadaky we Owganystandaky wakalary beýan edýän pursatlary “adaty bolmadyk ýygylykda” öldürilendigini hem belläp geçýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, eýýäm üç ýyl yzly-yzyna Siriýa žurnalistler üçin iň howply we gandöküşikli ýurt bolup galýar. Şu ýyl Siriýada 17 habarçy öldürildi.

Gürrüňi gidýän žurnalistleriň arasynda ABŞ-ly habarçylar James Foleý we Stewen Stoloff hem bar. Degişlilikde awgust we sentýabr aýlarynda olaryň “Yslam döwleti” diýilýän ýaragly topar tarapyndan öldürilýän pursatlary wideoýazga alnyp, internetiň üsti bilen köpçülige ýaýradyldy.

2011-nji ýylda Siriýadaky konflikt başlanaly bäri bu ýurtda jemi 79 žurnalist öldürildi.

Ukraina

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň maglumatyna görä, şu ýyl Ukrainada bäş habarçy we iki media işgäri öldürildi.

Aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda 4 müň 700 töweregi adam heläk boldy.

Owganystanda “The Associated Press” habar gullugynyň germaniýaly suratçysy Anja Niedringhaus aprel aýynda geçirilen saýlawlary beýän edýän pursaty, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

2014-nji ýylda öldürilen žurnalistleriň dörtden birinden gowragy halkara habarçylarydy.

Ýerli ýagdaýlar

Emma hasabatda halkara žurnalistleriň adaty bolmadyk ýagdaýda öldürilmegi bilen birlikde, habarçylaryň “aglaba böleginiň” ýerli ýagdaýlar sebäpli has köp howpa uçraýandygy nygtalýar.

Hasabata görä, öldürilen her 10 žurnalistiň 9-sy ýerli wakalary beýan edýän pursaty heläk bolupdyr.

Şu ýyl Yrakda bäş žurnalist öldürildi. Olaryň arasynda hökümet güýçleri bilen “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň arasyndaky çaknyşyklarda wepat bolan habarçylar hem bar.

2014-nji ýylda Pakistanda hem üç sany ýerli žurnalist öldürildi. Bu görkeziji geçen ýylka garanyňda pes hem bolsa, ýurtda habarçylara garşy edilýän zulum saklanyp galýar.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet häzirki wagtda bulardan başga-da şu ýyl wepat bolan azyndan 18 sany žurnalistiň öz gulluk borjy bilen baglylykda öldürilip-öldürilmändigini anyklamak üçin derňew işlerini alyp barýar.

XS
SM
MD
LG