Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtda agyr ýagdaýda....


Russiýada tussag edilen migrant ýetginjek.
Russiýada tussag edilen migrant ýetginjek.

Ýakynda Eýranda 21 ýyl iş kesilen türkmenistanly bilen bagly habarlar peýda boldy. Çary Muhammetmyradow atly şol raýat häzirki döwürde Eýranyň Ewin türmesinde tussaglygynyň altynjy ýylyny geçirýär, onuň aklawçysy hem ýok, maşgalasy bilen habarlaşmaga-da mümkinçilik berilmeýär, Eýrandaky türkmen diplomatlary bilen bolsa ýylda 1-2 gezek duşuşyp bilýar.

Çary Muhametmyradowa ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlen diňlenşikde iş kesilipdir. Türkmenistanyň Tährandaky ilçihanasynyň Muhammetmyradow hakda näme iş alyp barýandygy barada hiç hili maglumat ýok, resmi Aşgabat şeýle bir ýagdaýyň bardygyny aýdyp şu güne çenli halk köpçüligine beýanat hem bermedi.

Çary Muhametmyradow ýaly daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň wagtal-wagtal dürli kynçylyklara duçar bolmagy kadaly ýagdaý. Eýse, şeýle ýagdaýlarda türkmen resmileri öz raýatlaryna näderejede eýe çykýarlar? Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda ynha şu mesele hakda gürüň etmekçi.

Bu barada sizi hem öz başdan geçiren tejribeleriňizi, gören-eşidenleriňizi biziň bilen paýlaşmaga çagyrýarys. Pikirleriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz, eger programmamyza gatnaşmakçy bolsaňyz, bize hat ýazyn, salgymyz hat@azatradio.org.

XS
SM
MD
LG