Russiýanyň prokurorlary ogurlyk işi boýunça Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyýnyň we onuň erkek dogany Olegiň 10 we sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soraýarlar.
Geçen ýyl Nawalnyý we onuň dogany 2008-2012-nji ýyllar aralygynda iki firmadan 30 million rubly, ýagny 500 müňe golaý amerikan dollaryny ogurlamakda höküm edilipdiler.
Moskwanyň sudy Olegi 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna, Nawalnyýny 3 ýarym ýyl şertli tussaglyga höküm edipdi.
Soňra prokurorlar Nawalnyý we onuň doganynyň sud işi bilen baglanyşykly örän geçirimli bolandyklaryny aýdyp, suduň çykaran hökümini şikaýat edipdiler.
17-nji fewralda geçirilen sud diňlenişiginde Nawalnyýnyň aklawçylary iki dogana garşy ýöňkelýän ähli aýyplamalaryň güýçden gaçyrylmagyny soradylar.