Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 9-njy hepde
1
Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrundaky kafeleriň birinde müşderileri garşylamak üçin goýlan aşpez heýkeli.
2
Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň diwaryndan aýrylan çanak antenna. Soňky hepdelerde paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryň diwaryndaky çanak antennalaryň aýrylyp, ýerine kabel telewideniýe diýlip atlandyrylýan TürkmenTelekom kompaniýasynyň hyzmatynyň hödürlenýändigi aýdylýar.
3
“Aşgabat şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi” atly edaranyň ýörite ýazgyly eşigindäki işçi.
4
Paýtagtyň köçeleriniň birindäki gara reňkdäki awtoulag. Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglaryň eýeleri maşynlaryny tehniki gözegçilikden geçirmekde kynçylyk çekip başlandygy habar berilýär. Gara maşynlary başga reňke boýamak ugrunda aladalaryň hem köpelendigi aýdylýar.