Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemsowyň hatyrasyna ýöriş geçirilýär


Oppozisiýa goldawçylary öldürilen Kreml tankytçysy Boris Nemsowyň hormatyna Moskwada, 1-nji martda hatyra ýörişine cykdylar.
Oppozisiýa goldawçylary öldürilen Kreml tankytçysy Boris Nemsowyň hormatyna Moskwada, 1-nji martda hatyra ýörişine cykdylar.

Oppozisiýa goldawçylary öldürilen Kreml tankytçysy Boris Nemsowyň hormatyna Moskwada, 1-nji martda hatyra ýörişine cykdylar.

Günbatar habar gulluklary ýörişe 10 müňden gowrak adamyň gatnaşýandygyny aýdýar, guramaçylar ýörişe 70 müň çemesi adamyň gatnaşýandygyny aýdýarlar, rus polisiýasy bu sany 7 müň diýip görkezýär.

Döwlet eýeçilgindäki TASS habar gullugyyň maglumatyna görä, Sankt Peterburgda hem 6 müň çemesi adam Nemsowyň hatyrasyna ýörişe çykdy.

28-nji fewralda müňlerçe adam oppozisiýa lideri we ozalky wise-premýer Boris Nemsowyň Kremliň golaýyndaky köprüde 27-nji fewral gijesi atylyp öldürilen ýerinde gül çemenlerini goýdy we şem ýakdy.

Nemsow üçin gül goýulýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu ganhorlugy «prowakasiýa» hökmünde häsiýetlendirdi we Nemsowyň ejesine ganhorlaryň tapyljagyny hem-de jezalandyryljagyny aýtdy.

Emma Nemsow bir söhbetdeşlikde Orsýetiň Ukrainadaky saparatist konfliktinde oýnaýan roluny tankytlaýany sebäpli Putiniň özüni öldürmek isleýän bolmagyndan howatyrlaýandygyny aýtdy.

Kremlden sowa wersiýalar

Orsýetiň Derňew komiteti bu iş boýunça birnäçe wersiýa esasynda derňew geçirilýändigini, şol sanda Nemsowyň radikal yslamçylar tarapyndan öldürilmek ähtimallygynyň we, Putiniň ýaňzydyşy ýaly, onuň öldürilmeginiň Orsýetiň abraýyny gaçyrmak üçin gurnalan prowakasiýa bolmak ähtimallygynyň hem barlanýandygyny aýtdy.

Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin rus derňewçilerinde Nemsowa «Charliýe Hebdo» žurnalynyň Pariždäki işgärleriniň atylyp öldürilmegi babatdaky pozisiýasy üçin haýbat atylandygy barada delil bar diýdi.

Şeýle-de Markin «bu ganhorluk ýurtdaky syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak üçin guralan prowakasiýa bolup biler» diýdi.

“Nemsowyň öz syýasy maksadyna ýetmek üçin hiç bir zatdan gaýtmaýan adamlar tarapyndan «mukaddes gurban» hökmünde saýlanyp alnan bolmagy hem mümkin» diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Markin bu işiň Ukrainadaky konflikt bilen bolmagy mümkin ilteşigi, şol bir wagtda Nemsowyň biznes bähbitleri we şyhsy durmuşy bilen bagly ähtimallyklaryň hem derňeljegini aýtdy.

Derňew komiteti tarapyndan yglan edilen bäş ähtimal sebäbiň ählisi Kremliň tankytçylarynyň Putine we onuň hökümetine bildiren günäsini aradan aýyrýar.
Tankytçylar bu ýerde ahyr netijedäki jogapkärçiligiň Kremle gelip direýändigini aýdýarlar.

"Kimdir biri ondan gaty gorkdy..."

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Nemsowyň iki hepde çemesi ozal özüne Orsýetiň Ukrainadaky separatist konfliktine gatnaşygy baradaky subutnamany çap etmegi planlaşdyrýan diýip aýdandygyny habar berdi.

"Kimdir biri mundan gaty gorkdy... Olar ony öldürdiler" diýip, Poroşenko Ukrainada görkezilen telewizion gepleşikde aýtdy.

Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý Nemsowyň öldürilip bilşini sorag astyna aldy, ýagny onuň 1-nji marta planlaşdyrylan ýygnanyşyk sebäpli gözegçilik astynda bolmalydygyny aýtdy.

"Men oňa öten agşam Kremle tarap barýarka gözegçilik edilmändigine ynanyp bilemok" diýip, ol öz blogunda ýazdy.

Derňewçiler ýaragly adamlaryň Nemsowa tarap azyndan sekiz ok atandyklaryny aýdýarlar. Ol şol wagt, rus metbugatynyň ýazmagyna görä, 23 ýaşyndaky ukrain modeli Anna Duritskaýa bilen ýöräp barýan eken. Emma ol aýala ok degmändir.

Rus telewideniýesinde efire berlen wideoda daşdan düşürilen ýazgy güman edilýän ganhoruň ýol bilen ylgap barşyny we garaşyp duran maşynyň içine böküşini, soň maşynyň hyzlap gidişini görkezýär.

Ýazgarmalar

Nemsowyň öldürilmegi giň ýazgaryşa sezewar boldy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun 28-nji fewralda özüniň bu habardan aňk bolandygyny we bu elhenç ganhorlugy ýazgarýandygyny aýtdy.

Guramaçylar Nemsowyň ölüminden soň 1-nji marta planlaşdyrylan ýygnanyşygy ýatyryp, oňa derek 1-nji martda Moskwanyň merkezinde ýas ýörişini geçirmäge çagyrdylar.

Şäher häkimiýetleri, oppozisiýa ýygnanyşyklaryna rugsat bermekdäki adaty haýal-ýagallyklaryna eýermän, bu gezekki ýörişe çalasyn tassyknama berdiler.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG