Syrly gutylar
Biri “Dulluk halys ýüregime düşdi. Näler öýlenjek welin, aýallaryň juwan, garrysyny tanap bolanok. Ýüzlerine telim gat kosmetika çalýarlar. Haçana çenli hammamdan çykan wagtlaryny garawulajak?” diýip, ýoldaşynyň ýanynda zeýrenýär. Ýoldaşy:
-Hammam garawullama, el bukjasyna-sumkasyna ünsli äňet! Kosmetika salýan gutysy kindiwanja, däri-derman salýan gutysy-apteçkasy uly bolsa, ol garry aýaldyr -diýip, peýdaly maslahat beripdir.
Lukman ýalňyşy
Biri “Iýmiti azaltdym, ir ertir-giç agşam gezelenç edýän, ýöne horlanyp bilemok. Agramym artyp barýar-diýip, lukmana arz edýär. Lukman at münmegi, her gün atly gezelenç etmegi maslahat berýär. Aradan birki aý geçýär. Semizlikden arz eden lukmanyň ýanyna gelýär. Lukman onuň ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Semiz kişi:
-Iki aý at mündüm. Maslahat berşiň ýaly, ir ertir-giç agşam atly gezelenç etdim. Ýöne men däl, at janawer horlandy. Gapyrgasyndan torba asybermeli boldy -diýipdir.
Aýallar näme diýýär
Bir gezek söwda bazasynyň başlygynyň aýaly “Kakasy, işiňde kemçilik känmişin, basym barlagçylar bazany barlajakmyşyn” diýýär. Äri “Kim bü gürrüňi tapýan, men arassa işleýän” diýip, goh edýär. Aýaly “Aýallar” diýýär. Äri “Aýallaryň-da gepi bolarmy?” diýýär. Basym barlagçylar bazany barlaýar. Aýaly “Işiňde kemçilik känmişin. Seni türmä basjakmyşynlar” diýýär. Äri “Kim bu gürrüňi tapýar?” diýýär. Aýaly “Aýallar” diýýär. Äri “Aýallarda gybat kän, haýsy birine ynanjak?” diýýär.
Basym sud bolup, ony türmä basýarlar. Aýaly äriniň yzyndan türmä görme-görşe barýar. Äri “Aýallar diýýär” diýlen gürrüň hakykata öwrülip, çyna ýazyp duransoň aýalyndan:
-Aýallar näme diýýär? -diýip soraýar. Bende “Aýallar “Äriňi türmä nähak basypdyrlar, ol basym türmeden boşajakmyşyn” diýýär” diýen hoş habara tamakin eken.
Höwes
Bir gezek biri “Köçä çyksam, bezemen geýinen görmegeý gelinlere görýärin. Öz ýanymdan “Şeýle bezemen geýnen owadan gelniň äri bolsadym” diýýärin” diýip, dostunyň ýanynda zeýrenýär. Dosty:
-Zeýrençden, ham-hyýaldan dynmak aňsat. Öz gelniň üst-başyny beze -diýipdir.
Gep reňkde
SSSR döwri biri “Lotereýim “Wolga-24” maşynyny utdy. Ýöne reňkini halamanym üçin almadym. Özüňçe barly-ýoklylar maşynyň reňkine çort atyp, dodak çöwürse, özüm-ä namys etjek” diýip, dostunyň ýanynda öwünýär. Dosty:
-Ynanýaryn. Menem “Wolga” utup gördüm, seniň günüňe düşdüm, reňkini halamanym üçin ony almadym. Senem meniňki ýaly düýş görensiň-dä? -diýipdir.
Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.