Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan türkmenleri açlyk yglan etjek diýýär


Owganystanyň demirgazygyndaky Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary Amyderýanyň ortasynda emele gelen ada geçmäge synanyşýarlar.

Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň topary Türkmenistanyň ýaragly güýçleri dawaly territoriýany almagy dowam etdirse, onda özleriniň açlyk yglan etjekdigi barada haýbat atdylar. Bu sebitdäki etniki türkmenler gürrüňi gidýän territoriýanyň özlerine degişlidigini öňe sürýärler.

Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary Amyderýada emele gelen “adadaky öz territoriýalaryny türkmen güýçleriniň basyp alýandygyny” aýdýarlar. Amyderýa Owganystanyň we günorta-gündogar Türkmenistanyň arasyndaky serhediň bir bölegi diýip hasaplanylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň arçyny we oba geňeşiniň başlygy Gulamresul Karýedar bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:17 0:00

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG