Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat harbylaryny tijendirýär


Türkmen harbylary Ýeňiş paradynda
Türkmen harbylary Ýeňiş paradynda

Türkmenistan ätiýaçdaky harby gullukçylaryny yzyna çagyrýar, türgenleşik maksady bilen amala aşyrylýandygy aýdylýan bu çäräniň türkmen-owgan serhedinde emele gelen howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglydygy çaklanylýar.

Pentagon tarapyndan maliýeleşdirilýän ”Central Asia Online” neşiriniň 5-nji martda çap eden maglumatyna görä, şol harbylaryň belli bir bölegi türkmen-owgan serhedinde ýerleşdirilýär.

Düýn, ýagny 5-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirilip, onda beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň serhetleriniň goragy barada gürrüň edilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäky ”Watan” habarlar programmasynda görkezilen wideoýazgyda prezident Berdimuhamedow şol mejlisde Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň maddy enjam binýadyny mundan beýläk hem güýçlendirmek barada gürrüň ediljekdigini aýdýar.

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinden ozal prezident Berdimuhamedow, 4-nji martda, Türkiýä edýän iki günlük resmi saparyny gysgaldyp, Türkmenistana dolandy we ýurda baran badyna aeroportda hökümet mejlisini geçirdi.

Resmi habarlarda prezident Berdimuhamedowyň Stambulda 4-nji mart agşamy geçirilmegi planlaşdyrylan Türkmenistana maýa goýmak boýunça halkara foruma-da gatnaşman ýurda dolanmagyna onuň ejesiniň saglyk ýagdaýynyň sebäp bolandygy aýdylypdy.

Bu habarlaryň öňüsyrasynda Marynyň Owganystan bilen serhetleşýän böleklerinde öň görlüp-eşidilmedik derejede harby hereketler peýda boldy.

Regiondan gowşan maglumatlara görä, onlarça harby maşynyň etraba gelendigi, şeýle-de harby dikuçarlaryň bu etrapda uçup-gonmasynyň artandygy habar berilýär.

Marydaky harby komissarlygyň bir resmisi Sylapberdi Hojadurdyýew hem ”Central Asia Online” neşirine beren maglumatynda “yzyna çagyrylan” şol harbylaryň belli bir böleginiň Marynyň Owganystan bilen serhetleşýän Tagtabazar we Serhedabat etraplaryna iberilendigini tassyklady.

Serhediň owgan tarapyndaky ýagdaý

Agzalýan harby aýratynam, bu çäreleriň serhediň Owgan tarapynda emele gelen howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly görülýändigine ünsi çekip, “bilşiňiz ýaly, şol ýerde ýagdaýlar howply, ”Yslam döwleti” atly toparyň agzalary howp salýarlar, taýýarlyk bolmaly” diýdi.

Türkmen resmileri tarapyndan bu barada hiç hili maglumat berilmese-de, Türkmenistanyň görýändigi aýdylýan şeýle çäreleri barada soňky döwürlerde ençeme habar serişdelerinde maglumatlar çap edildi.

Galyberse-de, serhediň owgan tarapynda soňky döwürlerde dürli söweşiji toparlar peýda bolup, olaryň barha güýçlenýändigi aýdylýar. Esasanam Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýap we Jöwzjan welaýatlarynda howpsuzlyk ýagdaýlary barha ýaramazlaşýar.

Demirgazyk Owganystanyň Jöwzjan welaýatynyň howpsuzlyk güýçleriniň komandiri Fakyrmuhammet Jöwzjany bu barada geçen aý metbugata şeýle gürrüň beripdi: “Goňşy Türkmenistanyň serhetýaka etraplarynda käbir problemalar döredi, şol ýerlerde ”Talyban” söweşijileri peýda bolup başladylar we olar erkin hereket edýärler”.

Daşary ýurt harbylarynyň aglaba böleginiň geçen ýyl Owganystany terk etmegi bilen ýurduň ýagdaýlary, şol sanda demirgazyk Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlary barha ýaramazlaşýar.

Regiona soňky döwürde Owganystandan bolmadyk söweşijileriň hem gelip başlandygy, olaryň arasynda araplaryň, çeçenleriň, we Merkezi Aziýadan gelen söweşijileriň bardygy aýdylýar. Söweşijileriň öz kontrollygynda saklaýan obalaryndan käbirleri gös-göni Türkmenistan bilen serhetleşýär.

Mundan ozal, Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan iki aýry serhedaşyr hüjümlerde jemi üç sany Türkmen serhetçisi atylyp öldürildi, hem-de olaryň ýaraglary söweşijiler tarapyndan olja alyndy.

Şol wakalardan soňra Türkmenistan öz serhedini berkidip, araçäge sim çekip, serhetde garym gazyp başlady, ätiýaçdaky gullukçylaryň wezipä çagyrylmagy bolsa Türkmenistan tarapyndan bu ugurda görülýän çäreleriň iň soňkusydyr.

Edil häzirki döwürde her welaýatdan 200 çemesi ätiýaçdaky harbylaryň yzyna çagyrylandygy aýdylýar. Olaryň çagyrylýan gulluk möhleti barada näresmi çeşmelerden dürli maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG