Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: ​Guýy düýbündäki gurt


Karikatura.
Karikatura.

Guýy düýbündäki gurt​

Kelte kyssa

Gurt bolmagam aňsat däl. “Gurdy aýagy eklär” diýleni ýazzy maňlaýyna ýazylgy dur. Awuň oňan gün-ä, süri-gile bolup, sürüniň üstüne dökülýär. Deslap damaga azyny urýar. Soňy has-da hezil. Degirmen ýaly guýruk, ýagly döş… seniňki. Awuň bişow güni “Bölüneni böri iýer” diýleni bilen bolýar. Aýt-aýt, bölüneniň-de duçar bolmadyk gününi aýt! Kümsük şagal, ogry tilkä dönüp, towuk ketegine ogurlyga barmak bolanok. Ýok-ýok, obada gyňyr köpekleriň köplügi üçin däl-de, möjek mertebäňi saklamaly.

Açlygyňa çydamasaň, gije Aýa bakyp, uwla! Ýöne kümsüklik etme! Şir-peleň, gaplaň, bars… diýerler. Ýöne gaýraty gurduňkyça ýokdur. Olaryň garnyny otarsalar, uzyn dürräni şowurdadyp, asmanda bulaýlap, haýbat atsalar, sirkiň arenasynda maýmyny arkasyna hopba edip, seňkildäp ýörendirler. Diňe pilden pes saýylyan düýe diýen çoça-da sirk bezegidir. Arkasynda eli tüpeňli çopan dursa, gurt bilen darkaş gurýan item sirkiň bezegidur.

Günlerde bir gün gurduň nesibesinden aw çykmady. Içi eljuk çagy seňkildäp gelşine agzy, ho-ol, beg Göroglynyň Gyratyny ogurlan kempiriň agzyna meňzäp opurlan guýa ýykyldy. Gurt syrkyndysyna tamakin bolup, oňa görünmän, seňkildäp yzyna düşüp gelýän kümsük şagal bu ahwalaty gördi. Ol guýynyň üstüne abanyp duran utunyň söýesine söýenip, gurduň ata-babasyna, ene-mamasynyna sögüne-sögüne keýpden çykdy.

Soňra “Seni diriligiňe gömüp, ähli janly-jandaryň aryny almasam, içim sowamaz” diýip, telim ketege ogurlyga giren çaýşyk aýaklary bilen guýynyň düýbündäki gurduň üstüne gum peşäp ugrady. Birdenem aýaklary taýyp, guýynyň düýbüne güwläp gaýtdy. Möjegiň öňünde galpyldap dikelýänçe akylyna aýlandy. Ol:

-Möjek aga, günämi öt! Ýaňy şeýtan was-wasyna gidip, mertebäňe dil ýetirdim. Ötünç soramak üçin yanyňa, guýynyň düýbüne düşdüm -diýip, süňňüni saklap bilmän sandyraklap, zar-zar aglady.

…Gurt bolmak aňsat däl, möjek börüligini edip, şagalyň günäsini geçdi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG