Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gara aýnanyň" çagalary


Facebook
Facebook

Çagasynyň adyndan facebook sosial ulgamynda sahypa açyp, "like" goldaw gözleýän ene-atalar aslynda öz çagasyna gaty uly ýamanlyk edýärler diýip, Leýla Nene Türkiýeden ýazýar.

Owal işiň resmi tarapyna ser salyp göreliň.

"Zorlama, zulum ýaýradýan we erotika hem pornografiýa temaly bolan, ylaýta-da çagalaryň ruhy we fiziki ösüşine oňaýsyz täsir edýän kinofilmleriň, neşirleriň we beýleki materiallaryň çagalaryň arasynda görkezilmegi, ýaýbaňlanmagy we galyberse-de şeýle materiallaryň taýýarlanmagyna çagalaryň höweslendirilmegi gadagandyr".

11-nji madda. Çaganyň terbiýe almaklyk hukugy.

Emma resmi tarapyndan başga şeýle-de bu meseläniň adama ahlak hem duýgy taýdan täsir galdyrýan tarapy bardyr.

Birnäçe hepde mundan owal joralarym garyndaşlarynyň çagalarynyň facebook sosial ulgamynda "alyp barýan işleri" hakda gürrüň edýärdi. Ylaýta-da başlangyç klasda okaýan çagalara facebook sosial ulgamynda açylan sahypalar we olaryň şol sahypalardaky "başdan geçirmeleri" barada gürrüň gozgalypdy.

Käbir çagalar sapaklarda alan bahalaryny, okan kitaplaryny, käbiri bolsa iýen naharyny "ejem bu gün näme bişirdikä?" diýen görnüşde facebook sosial ulgamynda bildiriş edýär.

"Gören gözüňiz owadandyr"

Hatda özüniň bäbek wagty düşen suratyny goýup "meniň bäbek wagtym" (!) diýen sözbaşy bilen bildiriş edýänlerem bar. Sahypalarda ýazylýan bildirişlerde "ol aslynda siziň muny gören gözüňiziň owadanlygy bilen baglanşyklydyr", "örän minnetdardyryn" ýaly uly adamlara mahsus bolan mahabatlandyrmalaryň hem kemini goýanoklar.

Çagalaryň ýazýan bildirişlerinde, ýaýradýan suratlarynda, goýýan şygarlarynda olary "like" edip goldaýanlar bar. Näme üçin goldanmasynlar, ol çaganyň ähli kowum-garyndaşam facebook sosial ulgamynyň muşdagy ahbetin. Onsoň olar we olaryňam dost-tanyşlary çaga bilen sosýal ulgamda dostluk gurup, onuň bildirişlerini goldap, mylaýym sözler bilen mahabatlandyrmany aňryýany bilen ýerine ýetirýärler.

Eýsem, öz çagasyny çakdanaşa ukyply, diýseň owadan hem gelşikli, geljekde beýik şahsyýet bolar diýip hasaplap telewideniýe bäsleşiklerine taýýarlaýan ene-atalaryň aladalaryna hem höweslendirmelerine meňzemeýärmi bu sosial ulgam muşdaklygy? Ýaňky çaganyň bildirişleriniň goldanmagyndan we mahabatlandyrylmagyndan bir tapawudy barmy munyň? Bu ýagdaý çagalary şöhratparazlyga itermeýärmi? Çagalaryň özüne bolan ynamyny sosial ulgamdaky "like" goldawlara we mahabatlandyrmalara bagdaşdyrmagyna sebäp bolanokmyka? "Diýmek köp goldaw alyp, mahabatlandyrylýan bolsa, gowy iş edipdirin. Goldaw az bolsa, diýmek oňaýly däl"...

Türkiýede çaga hak-hukuklarynyň goragy bilen meşgullanýan bir hünärmen 5-6 aý mundan owal çagalaryň aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagyna garşy çykyp şeýle düşündiriş beripdi:

"Şeýle gepleşikleriň ýatyrylmagy örän wajypdyr. Ol gepleşiklerde çagalaryň ünsden düşürilip, abraýdan gaçyrylýandygy hemmelere äşgärdir. Bäsleşiklerde çagalar ullakan adamlar ýaly geýnen hem grimlenen ýagdaýda emin agzalarynyň öňüne çykarylýar. Onsoň çagalaryň gepleýşem edil ullakan adamlaryňky ýaly taýýarlanýar. Şeýlelik-de olar çaga däl-de ullakan adamyň minatýurasyna öwrülýärler".

Onsoňam muňa bäsleşige gatnaşan çagalaryň gepleşik gutarandan soňky ruhy ýagdaýy hem goşulmalydyr. 6-7 aýlap sahnanyň öwüşgünine, şan-şöhrada, mahabatlandyrmalara öwrenşen çagalar soň adaty durmuşda özüni nähili duýmaga başlaýarka?

Olaryň iň bärkisi sahnada bäsdeşlerinden ýeňlip, mahabatlandyrmalardan mahrum galan wagty başdan geçirjek ruhy trawmasyny göz öňüne getirjek boluň.

Şeýle telewideniýe bäsleşiklerinde, telegepleşiklerde we seriýallarda tanymal bolan çagalar bilen geçirlen söhbetdeşliklerde olara berilýän "Köçede we mekdepde saňa nähili çemeleşýärler?" diýlen sowala, çagalar şeýle jogap berýär:

"Mugallymym "berekella" diýdi. Köçede duş gelýänler bolsa derrew gelip ogşaýarlar" we ş.m. Ýöne bu "berekella" çaganyň ukybyna görä berlen bahamy ýa-da onuň çaga mylaýymlygyndan öz bähbidine peýdalanyp reýting gazanýan telegepleşikleriň "biznes aldawyna" berlen bahamy?

Şöhratparazlyk, mahabatlandyrma...

Öndürilen "önümiň möhledi" dolandan soň bolsa çaga özüni ukypsyz, dereksiz hasaplaýar we "Bäsleşikden galanyma görä, diýmek men dereksiz biri bolmaly" diýen garaýşa eýe bolýar. Ýa-da çaganyň töweregindäki ýoldaşlary, mahabatlandyrylan çagany telewizorda gören ýaşdaşlary, mekdepdäki tanyşlary özüni nähili duýýarka? Şeýle telegepleşiklerde kiçijik we mekdep ýaşyndaky çagalaryň nähili hyjuwly el çarpýandygyny, şatlanýandygyny görüpdik.

Facebook sosial ulgamynda çaga üçin döredilen ýörite sahypanyň hem ol ýerdäki "like" goldawlary, mahabatlandyrjy teswirleri we "wirtuwal şöhraty" bilen ýaňky ýagdaýdaýdan tapawutly bir tarapy ýokdyr. Ikisiniňem çaga edýän täsiri birmeňzeşdir. Şöhratparazlyk, mahabatlandyrma, özüňe ynam(syzlyk) we olaryň täsirinden emele gelýän ulumsylyk.

Tema bilen baglanşykly esasyny goýanlar (režisýorlary) J. Daýton we W. Faris bolan "Meniň kiçijik şöhläm" (Little Miss Sunshine) atly bir kinofilm hem bar. Kinofilm Huwer maşgalasynyň agzalarynyň durmuşy barasynda.

Kinofilmde kiçijik Aliw (Olive) gözellik bäsleşigine gatnaşmak isleýär. Maşgalasy onuň islegine ilki bada çynlakaý garamanam bolsa ahyrynda Aliw bäsleşigiň gurnalýan ýerine barmak üçin ýola çykýar. Aliw özüne uly ynamy bolansoň bäsleşikde üstünlik gazanjagyna berk ynanýar. Ýöne onuň sahnanyň öwüşgünli çyralarynyň astynda mahabatlandyrylýan we hemmeler tarapyndan ajaýyp kabul edilýän çagalardan biri bolmaklyk islegi puja çykýar. Şeýlelik-de Aliw bäsleşikde üstünlik gazanyp bilmeýär.

Aliwiň bäsleşige taýýarlanmagy, hemişe diňe şol temada gürlemegi, telewizoruň öňünde durup, ol ýerde görkezilýänlere öýkünmegi netijesinde alynan "puç netije" aslynda onuň mysalynda şeýle telegepleşiklere iberilýän, ýöne 2-3 aýlyk şan-şöhratdan soň ruhy çökgünlige duçar bolýan, özünde ynamsyzlyk döreýän we adaty durmuşa uýgunlaşyp bilmeýän ähli trawmaly çagalaryň başdan geçirmeleri suratlandyrylýar.

Kinofilmde Aliw kakasy bilen söhbet edýär we ol söhbetdeşlikde kiçilikden şöhratparazlyga ymtyldyrylan çagalaryň ýagdaýlary äşgär bolýar.

Aliw gözelligiň nyşanasy Barbie (Barbiý) oýunjak bäbekleri ýaly görünýän bäsdeşleri ýaly owadan däldigi barada şüphelenmäge başlaýar we aglap-aglap kakasyndan özüniň owadan bolup bolmandygyny soraýar.

Bäsleşiklerdäki mahabatlandyrmalar ýaly facebook sosýal ulgamyndaky "like" we biderek mahabatlandyrmalar hem çagalarda şeýle duýgy döredýär: "Owadan, ukyply, bagty açyk bolanlar hemişe bäsleşiklere gatnaşýarlar we üns merkezinde bolýarlar. Şonuň üçinem olar hemişe mahabatlandyrylýarlar". Bu bolsa aslynda uly adamlaryň çagalarda galdyran trawmasynyň täsirleridir.

Bu täsirler Aliwi bäsleşige gatnaşdyrmak üçin ýola çykan maşgala agzalarynyň başdan geçirmelerinde hem göze ilýär.

Meselem, Aliwi bäsleşige gatnaşmaga höweslendiren kakasy neşebent we heleýbaz bir adam. Nitşe janköýeri bolan dogany Dwaýn bolsa uçarman bolmagy arzuw edýär we tä uçarman bolýança maksadyny hiç kime aýtazlyk barada özüne söz beripdir. Emma ol daltonik ýagny reňkleri saýgaryp bilmeýän keseli bolanyny öwrenenden soň lapykeçlige duçar bolýar.

M. Proust jänköýeri bolan daýysy hem edýän işi jemgiýetde goldaw tapmandygy üçin psihologiki kynçylyk çekýär.

Gatnaşyklary düzüw bolmaýan, ýöne muny gepleşikleriň üsti bilen çözmekden gaça durýan ene-anasy bolsa, şeýle posly zynjyryň iň gowşak halkasyny emele getirýändir. Ýagny kinofilmde suratlandyrylyşyna görä, aslynda Aliwiň maşgalasyndaky her bir agzanyň özünde gizlin saklaýan trawmalary bar we olaryň Aliwi bäsleşige gönükdirýän ýoly özleriniň çözgütsiz trawmalaryndan, gutulyp bilmedik şowsuzlyk duýgylaryndan gaçybatalga ýoly bolup durýar.

Gepiň tümmegi: Golaýda çagalar barada bir makala okadym. Makalada ündelişine görä, çagalar haçan-da bir işi başaranda olara "berekella" diýmäň. Onuň deregine eden işi barada gürrüň ediň. Meselem, "Kagyzlary gaty owadan edip, nepislik bilen keseniňi gördüm. Munyň üçin seni gutlaýan" diýmeklik has oňaýly täsir galdyrar. Sebäbi, siz çaga "berekella" aýdan mahalyňyz ol hemişe sizden "berekella" almak üçin iş eder. Şeýlelikde, onda öz-özünden bilip iş etmeklik islegi hem ukyby döremez.

(Makaladaky pikirler awtoruň öz şahsy garaýyşlarydyr.)

XS
SM
MD
LG