Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Abadanlaşdyrjak diýip haýat aýlap gidýärler'


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sosial-ykdysady ösüşine bagyşlap, 30-njy martda geçiren iş maslahatynda ileri tutulýan meseleleriň biri hökmünde paýtagtda abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylyşyna seretdi. Hususan-da Aşgabadyň köçeleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýyna üns berildi we olaryň abadanlygynyň, arassaçylygynyň üpjün edilmegine dynuwsyz gözegçilik edilmegi tabşyryldy.

Şol bir wagtda-da Aşgabadyň Parahat 2 mikroraýonynda jaýlaryň daşyny abadanlaşdyrmak, bejermek maksady bilen düşündirilip, ýene onlarça jaýyň daşyna demir haýatlar aýlandy. Emma ozalky onlarça jaý bilen bilelikde täze jaýlaryň daşynda hem bejeriş işleri göze ilmeýär.
Aşgabadyň ýaşaýjysy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew soňky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:31 0:00

XS
SM
MD
LG