Aşgabadyň merkezinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasynyň daşyny bir watda mermere meňzeş ak material bilen bezemek boýunça işleriň başlanmagyna bir ýyl çemesi wagt boldy. 2013-nji ýylyň aýagynda Parahat 2/2, Parahat 2/1 we Parahat 1 mikroraýonlaryna degişli we Oguzhan köçesi bilen Atamyrat Nyýazow köçesiniň arasynda ýerleşýän 30 çemesi jaý henizem rekonstruksiýa ýagdaýynda galýar, emma bu ýerde 4-5 aý bäri bejeriş işler göze ilmeýär. Fotosergi rekonstruksiýa astyndaky jaýlaryň we olaryň töwerek-daşynyň häzirki ýagdaýyny görkezýär, Aşgabat, 20-nji fewral, 2015.
Aşgabat: Jaýlara 'mermer' örtmek işi doňdy

1
Mermere meňzeş plastiki material bilen ýaňy bejerilip başlanan jaýyň daşyndaky işleriň togtamagyna 4 aý boldy, Parahat- 2/1, jaý 21.

2
Jaý bilen haýat aralygynda ýatan gurluşyk materiallary we zibilleri ýaşaýjylaryň ýöremegine päsgel berýär.

3
Jaý bilen haýat aralygynda ýatan gurluşyk materiallary we zibilleri ýaşaýjylaryň ýöremegine päsgel berýär.

4
Parah-1 mikroraýonynda ýerleşýän jaýyň daşyna haýat aýlanyp, bejeriş işlerine taýýarlyk görülenine sekiz aý boldy.