Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Apple öz sagatlaryny Şweýsariýada satyp bilmeýär


"Apple Watch" akylly sagady.
"Apple Watch" akylly sagady.

Şweýsariýada “Apple Watch” sagatlarynyň satuwy şu ýylyň soňuna çenli soňa goýlup bilner. Muňa awtorlyk hukuklary sebäp bolýar.

“Reuters” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, 1985-nji ýylda Şweýsariýada “Leonard” atly sagat kompaniýasyna ýörite patent, tassyknama berlipdir. Bu patente laýyklykda, Şweýsariýada “Leonard” kompaniýasyndan başga hiç bir firma üstünde almanyň şekli bolan sagady satyp bilmeýär.

Gürrüňi gidýän bu patentiň möhleti 2015-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanýar.

Şol sebäpden Apple indi ýa öz sagadynyň üstündäki meşhur alma şeklini aýyrmaly bolar ýa-da ony Şweýsariýada satuwa çykarmak üçin ýylyň ahyryna çenli garaşmaly bolar.

Apple kompaniýasynyň täze akylly sagatlary 24-nji aprelde dünýäniň 9 döwletinde satuwa çykarylýar. Mundan öň, Şweýsariýa hemişe şol 9 döwletiň arasynda bolup, ol bu gezek bu sanawa goşulmandyr.

XS
SM
MD
LG