Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 15-nji hepde
1
Aşgabadyň Parahat kiçi etrapçasyndaky köçeden geçip barýan eje we gyz.
2
Aşgabadyň "10-ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrunda alnyp barylýan abatlaýyş işleri. Bu abatlaýyş işleri zerarly köçäniň iki aýdan gowrak wagt bäri ýapyklygyna galýandygy habar berilýär.
3
Aşgabatda teatra tomaşa etmäge barýan tomaşaçylar.
4
Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň aşagyndaky, arka ýa-da öň taraplaryndaky kommersiýa dükanlary ýa-da nahar bişirilýän garbanyşhanalar gadagan edildi. Suratda şeýle dükanyň ýa-da garbanyşhananyň aýrylan nokadyny görýärsiňiz.